Ï Mohammad Aşraf Gani Owganystanyň ykdysady taýdan ösmegine ýardam berýändigi üçin Gurbanguly Berdimuhammedowy gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mohammad Aşraf Gani Owganystanyň ykdysady taýdan ösmegine ýardam berýändigi üçin Gurbanguly Berdimuhammedowy gutlady

view-icon 1291
Owganystan Respublikasynyň Prezidenti Mohammat Aşraf Gani Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberdi onda şeýle diýilýär:

Siziň Alyhezretiňiziň Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň gurluşygyna başlanmagy mynasybetli guralan dabara gatnaşmagy owgan halky üçin Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary äşgär edýän ýakymly waka öwrüldi.

Bu demir ýoluň gurluşygy Turgundynyň üsti bilen haryt dolanyşygyny artdyrmak, owgan önümlerini daşarky bazarlara eksport etmäge bolan oňyn şertleri döretmek, şeýle hem Owganystan üçin zerur bolan harytlary getirmek çärelerini has-da işjeňleşdirmek üçin wajyp taslama bolup durýar.