Ï TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ KA­NU­NY <br>«Aw­tor­lyk hu­ku­gy we ga­ty­şyk hu­kuk­lar ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na goş­ma­ça gi­riz­mek ha­kyn­da
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ KA­NU­NY <br>«Aw­tor­lyk hu­ku­gy we ga­ty­şyk hu­kuk­lar ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na goş­ma­ça gi­riz­mek ha­kyn­da

view-icon 9848
I. 2012-nji ýy­lyň 10-njy ýan­wa­ryn­da ka­bul edi­len «Aw­tor­lyk hu­ku­gy we ga­ty­şyk hu­kuk­lar ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na (Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Mag­lu­mat­la­ry, 2012 ý., № 1, 8-nji mad­da) 8-nji mad­da­dan soň şu maz­mun­ly goş­ma­ça­ny gi­riz­me­li:

«81-nji mad­da. Aw­tor­lyk hu­ku­gy­nyň ob­ýekt­le­ri­niň ha­sa­ba alyn­ma­gy

1. Aw­tor­lyk hu­ku­gy­nyň ob­ýekt­le­ri­ni ha­sa­ba al­mak meý­le­tin­lik esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.

2. Aw­tor­lyk hu­ku­gy­nyň ob­ýek­ti­niň ha­sa­ba alyn­ma­gy üçin ha­ýyş­na­ma ber­len ma­ha­lyn­da aşak­da­ky­lar be­ril­ýär:

1) aw­tor­lyk hu­ku­gy­nyň ob­ýek­ti üçin şa­ha­dat­na­ma;

2) Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de ama­la aşy­ryl­ýan öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik çöz­gü­di bar bo­lan we iri we (ýa-da) mö­hüm ar­hi­tek­tu­ra, şä­her­gur­lu­şy­k we bag­çy­lyk-se­ýil­gäh sun­ga­ty­nyň ob­ýekt­le­ri­ne degişli bolan bi­na­gär­lik eser­le­ri­ne pa­tent.

Aw­tor­lyk hu­ku­gy­nyň ob­ýekt­le­ri­ni ha­sa­ba al­dyr­mak üçin res­mi­na­ma­la­ra bo­lan ta­lap­lar in­tel­lek­tual eýe­çi­lik bo­ýun­ça yg­ty­ýar­ly döw­let eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan bel­le­nil­ýär.

3. Şu mad­da­nyň ikin­ji bö­le­gin­de gör­ke­zi­len şa­ha­dat­na­ma ýa-da pa­tent aw­tor­lyk hu­ku­gy­nyň ob­ýek­ti­niň dö­re­di­len fak­ty­ny we onuň ha­sa­ba alnan se­ne­si­ni tas­syk­la­ýar­lar.

4. Şu mad­da­nyň ikin­ji bö­le­gin­de gör­ke­zi­len şa­ha­dat­na­ma ýa-da pa­tent in­tel­lek­tual eýe­çi­lik bo­ýun­ça yg­ty­ýar­ly döw­let eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan be­ril­ýär.

5. In­tel­lek­tual eýe­çi­lik bo­ýun­ça yg­ty­ýar­ly döw­let eda­ra­sy Türk­me­nis­ta­nyň Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gin­den al­nan döw­let sel­jer­me­si­niň bi­na­gär­lik çöz­gü­di­niň öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny, şeý­le hem onuň çel­gi­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti ta­ra­pyn­dan kes­git­le­nil­ýän bi­na­gär­lik, şä­her­gur­lu­şyk we bag­çy­lyk-se­ýil­gäh sun­ga­ty­nyň iri we (ýa-da) mö­hüm ob­ýek­te de­giş­li­di­gi­ni tas­syk­la­ýan ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bi­na­gär­lik ese­ri­ne pa­tent ber­mek ha­kyn­da ýa-da ony ber­mek­den ýüz dön­der­mek ha­kyn­da çöz­güt ka­bul ed­ýär.

6. Aw­tor­lyk hu­ku­gy­nyň ha­sa­ba al­nan ob­ýek­ti ha­kyn­da­ky mag­lu­mat­lar in­tel­lek­tual eýe­çi­lik bo­ýun­ça yg­ty­ýar­ly döw­let eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan aw­tor­lyk hu­ku­gy­nyň ob­ýekt­le­ri­niň Döw­let re­ýest­ri­ne gi­ri­zil­ýär.

7. Aw­tor­lyk hu­ku­gy­nyň ob­ýekt­le­ri­niň Döw­let re­ýest­ri­ne gi­ri­zil­ýän mag­lu­mat­la­ryň sa­na­wy, şu mad­da­nyň ikin­ji bö­le­gin­de gör­ke­zi­len şa­ha­dat­na­ma­nyň we pa­ten­tiň gör­nüş­le­ri hem-de olar­da gör­ke­zil­ýän mag­lu­mat­la­ryň dü­zü­mi in­tel­lek­tual eýe­çi­lik bo­ýun­ça yg­ty­ýar­ly döw­let eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan bel­le­nil­ýär.

8. Aw­tor­lyk hu­ku­gy­nyň ob­ýekt­le­ri­ni ha­sa­ba al­mak bi­len bag­ly he­re­ket­ler üçin ýy­gym­lar alyn­ýar. Ama­la aşy­ryl­ma­gy üçin ýy­gym­lar alyn­ýan he­re­ket­le­riň sa­na­wy, ýy­gym­la­ryň möç­ber­le­ri, möh­let­le­ri, ony tö­le­me­giň we gaý­tar­ma­gyň ter­ti­bi Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti ta­ra­pyn­dan bel­le­nil­ýär.».

II. Şu Ka­nun res­mi taý­dan çap edi­len gü­nün­den güý­je gir­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
Gurbanguly Berdimuhamedow.


Aş­ga­bat şä­he­ri. 2017-nji ýy­lyň 25-nji no­ýab­ry.