I. 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda kabul edilen «Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 8-nji madda) 8-nji maddadan soň şu mazmunly goşmaçany girizmeli:
«81-nji madda. Awtorlyk hukugynyň obýektleriniň hasaba alynmagy
1. Awtorlyk hukugynyň obýektlerini hasaba almak meýletinlik esasynda geçirilýär.
2. Awtorlyk hukugynyň obýektiniň hasaba alynmagy üçin haýyşnama berlen mahalynda aşakdakylar berilýär:
1) awtorlyk hukugynyň obýekti üçin şahadatnama;
2) Türkmenistanyň çäginde amala aşyrylýan özboluşly binagärlik çözgüdi bar bolan we iri we (ýa-da) möhüm arhitektura, şähergurluşyk we bagçylyk-seýilgäh sungatynyň obýektlerine degişli bolan binagärlik eserlerine patent.
Awtorlyk hukugynyň obýektlerini hasaba aldyrmak üçin resminamalara bolan talaplar intellektual eýeçilik boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.
3. Şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen şahadatnama ýa-da patent awtorlyk hukugynyň obýektiniň döredilen faktyny we onuň hasaba alnan senesini tassyklaýarlar.
4. Şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen şahadatnama ýa-da patent intellektual eýeçilik boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan berilýär.
5. Intellektual eýeçilik boýunça ygtyýarly döwlet edarasy Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginden alnan döwlet seljermesiniň binagärlik çözgüdiniň özboluşlylygyny, şeýle hem onuň çelgileri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän binagärlik, şähergurluşyk we bagçylyk-seýilgäh sungatynyň iri we (ýa-da) möhüm obýekte degişlidigini tassyklaýan netijeleri boýunça binagärlik eserine patent bermek hakynda ýa-da ony bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edýär.
6. Awtorlyk hukugynyň hasaba alnan obýekti hakyndaky maglumatlar intellektual eýeçilik boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan awtorlyk hukugynyň obýektleriniň Döwlet reýestrine girizilýär.
7. Awtorlyk hukugynyň obýektleriniň Döwlet reýestrine girizilýän maglumatlaryň sanawy, şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen şahadatnamanyň we patentiň görnüşleri hem-de olarda görkezilýän maglumatlaryň düzümi intellektual eýeçilik boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.
8. Awtorlyk hukugynyň obýektlerini hasaba almak bilen bagly hereketler üçin ýygymlar alynýar. Amala aşyrylmagy üçin ýygymlar alynýan hereketleriň sanawy, ýygymlaryň möçberleri, möhletleri, ony tölemegiň we gaýtarmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 25-nji noýabry.