I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmeli:
1. 2008-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 4, 54-nji madda; 2014 ý., № 1, 49-njy madda; 2016 ý., № 1, 13-nji madda):
1-nji maddanyň 17-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:
«171) deňizde milli daşaýjy (gatnadyjy) — Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilen deňiz arkaly ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak, goşlary we poçtany daşamak hyzmatlaryny amala aşyrýan ýuridik şahs;»;
6-njy maddanyň mazmunynda «boýunça döwlet dolandyryş» we «beýleki döwlet dolandyryş» diýlen sözleri degişlilikde «boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi» we «ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi» diýlen sözlere çalşyrmaly;
17-nji maddanyň ikinji böleginde we 33-nji maddanyň üçünji böleginiň 1-nji bendinde «döwlet dolandyryş» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi» diýen sözlere çalşyrmaly;
6-njy maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:
«61-njy madda. Deňizde milli daşaýjy (gatnadyjy)
1. Deňizde milli daşaýjy (gatnadyjy) ýolagçylary gatnatmak, ýükleri, goşlary we poçtany daşamak, şol sanda nebit we nebit önümlerini daşamak, ýörite ýükleri daşamak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär hem-de baglaşylýan halkara şertnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýar.
2. Deňizde milli daşaýja (gatnadyja) Türkmenistanyň Deňiz söwda portlaryna we port nokatlaryna girmek we çykmak babatynda artykmaçlyklar berilýär, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Deňiz söwda portlarynda we port nokatlarynda ýerine ýetirilýän hyzmatlar üçin alynýan Port ýygymlary babatynda ýeňilliklerden peýdalanýar.
3. Deňizde milli daşaýjy (gatnadyjy) hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.»;
71-nji maddanyň dördünji böleginiň 2-nji bendinde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly;
73-nji maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«2. Port ýygymlarynyň möçberi Suw ulaglary boýunça ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.».
2. 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen «Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 40-njy madda; 2014 ý., № 2, 84-nji madda, № 4, 148-nji madda; 2015 ý., № 3, 110-njy madda; 2017 ý., № 1, 35-nji madda, № 4, 147-nji madda) 25-nji maddasynyň ikinji böleginde «we görkezilen hukugy tassyklaýan degişli şahadatnama berilýär» diýen sözleri aýyrmaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 25-nji noýabry.