I. 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 38-nji madda; 2013 ý., № 4, 91-nji madda; 2014 ý., № 3, 113-nji madda; 2015 ý., № 3, 114-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:
1.19-njy maddanyň bäşinji böleginiň 2-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:
«2) ätiýaçlandyrylan şahsyň şol bir wagtda telekeçilik işinden, hünärmenlik hyzmatlaryny ýerine ýetirmekden, oba hojalyk önümini öndürmekden goşmaça girdejileri bar bolsa, onda onuň girdejileriniň bir görnüşi şu bentde görkezilen girdejileriň yzygiderliligine laýyklykda hasaba alynmaga degişlidir.».
2. 20-nji maddanyň birinji böleginde:
2-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:
«2) ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara-hususy telekeçilere, hünärmenlik hyzmatlaryny etmek boýunça işi amala aşyrýan fiziki şahslara ätiýaçlandyrylan şahs hökmünde hasaba alnandan başlap — özleri üçin:
a) hasabat döwründe umumy girdejisiniň möçberi Türkmenistan boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň otuz essesinden az möçberde bolanlara — hasabat döwrüniň her aýy üçin Türkmenistan boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň 10 göteriminden az bolmadyk möçberde;
b) hasabat döwründe umumy girdejisiniň möçberi Türkmenistan boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň otuz essesi we şondan köp, ýöne üç ýüz essesinden az möçberde bolanlara — hasabat döwri üçin şol döwürdäki umumy girdejisiniň 2 göteriminden az bolmadyk möçberde;
ç) hasabat döwründe umumy girdejisiniň möçberi Türkmenistan boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň üç ýüz essesi we şondan köp möçberde bolanlara — hasabat döwri üçin Türkmenistan boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň üç ýüz essesiniň 2 göteriminden az bolmadyk möçberde;»;
4-nji bendiň «b)» kiçi bendini şu görnüşde beýan etmeli:
«b) özbaşdak iş bilen meşgullanmakdan girdejisi bolan, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy bilen pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda şertnamany baglaşan ätiýäçlandyrylan şahs hökmünde hasaba alnan şahslara hasabat döwründen başlap — özleri üçin;».
3. 31-nji maddanyň üçünji böleginiň 2-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:
«3) ätiýaçlandyrýan Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynda pensiýa gatançlaryny töleýji hökmünde hasaba durmasa.».
4. 43-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:
«43-nji madda. Bank tarapyndan Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň ätiýaçlandyrýanyň hasaplary boýunça amallary togtatmak hem-de akseptsiz töleg talapnamasyny goýmak baradaky çözgüdiniň ýerine ýetirilmändigi üçin maliýe jerimeleri
1. Şu Kanunyň 6-njy maddasynda görkezilen fiziki we ýuridik şahslaryň (olaryň aýrybaşgalanan düzüm birlikleriniň) hasaplary boýunça amallary togtatmak, akseptsiz töleg talapnamasyny goýmak barada Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň çözgüdini bozmak bilen, bank tarapyndan olaryň hasaplary boýunça çykdajy amallarynyň geçirilmegi, şol hasaplardan hasapdan öçürilen ähli pul serişdeleriniň 10 göterimi möçberinde banka maliýe jerimeleriniň salynmagyna getirýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde bellenilenler zähmet hakyny tölemek üçin berilýän bank karzlary bilen bagly amallara degişli däldir.».
5. 47-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:
«Şu Kanunyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi ygtyýarly döwlet edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, şeýle hem Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan bellenen tertibe laýyklykda amala aşyrýarlar.».
II. Şu Kanunyň I böleginiň 2-nji bendinde «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasynyň birinji böleginiň 2-nji bendine girizilýän üýtgetmelere laýyklykda, şol bentde görkezilen şahslaryň 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli tölenilmedik pensiýa gatançlary meýletin ýagdaýda tölenilýär.
III. Şu Kanun 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 25-nji noýabry.