I. 2014-nji ýylyň 8-nji noýabrynda kabul edilen «Neşirýat işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 142-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:
3-nji maddanyň birinji böleginiň 4-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:
«4) milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlaryna garamazdan awtorlar hökmünde raýatlara öz-özüňi aňlatmak üçin mümkinçilikler döretmek.»;
4-nji maddada:
birinji bölegiň 1-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:
«1) raýatlaryň kanunda gadagan edilmedik usulda maglumaty erkin gözlemäge, almaga we ýaýratmaga bolan konstitusion hukugyny durmuşa geçirmäge;»;
ikinji bölegiň 2-nji bendinde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly;
15-nji maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly;
27-nji maddanyň 4-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:
«4) şu Kanun we neşirýat işi babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen onuň ygtyýaryna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 25-nji noýabry.