Ï Döwlet Baştutanymyzyň adyna daşary ýurtly kärdeşlerinden gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň adyna daşary ýurtly kärdeşlerinden gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär

view-icon 894
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Täze ýyl mynasybetli gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowint, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Kolinda Grabar-Kitarowiç, Surinam Respublikasynyň Prezidenti Dezire Delano Bauterse maşgalasy bilen, Botswana Respublikasynyň Prezidenti Seretse Khamaýan Khama öz gutlaglarynda Täze ýylda parahatçylyk, şatlyk, bagt hem-de asylly maksatlaryň hasyl bolmagyny arzuw edýärler.