Geçen ýyllarda iki ýurduň dostluk we köptaraply hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hyzmatdaşlygyň dürli görnüşlerinde depginli ösdürilendigini bellemäge şatdyryn – diýlip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň gutlagynda bellenýär.
Gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýady işlenip taýýarlanyldy, olary netijeli öňe ilerletmegiň gurallary döredildi, halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleriniň giň toplumy boýunça ýurtlarymyzyň arasynda köp derejeli syýasy gatnaşyklar ýola goýuldy.
Çärýek asyrda bilelikdäki tagallalarymyz bilen gazanylan bu netijeler döwletara gatnaşyklarymyzy strategiki hyzmatdaşlyk derejesine çykarmaga mümkinçilik berdi.
Biz täjik-türkmen gatnaşyklarynyň şu ugur boýunça yzygiderli ösdüriljekdigine berk ynanýarys hem-de halklarymyzyň düýpli bähbitlerine laýyklykda olaryň ägirt uly döredijilik mümkinçiligini has doly açmak üçin bilelikde hemme zerur çäreleri görmäge taýýardygymyzy beýan edýäris.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de dostlukly türkmen halkynyň mundan beýläk-de abadançylygynyň bähbidine täze üstünlikleri arzuw edýärin – diýip, Emomali Rahmonyň gutlagynda aýdylýar.