Ï Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentine Mirýan şäherinde bolup geçen ýangyn zerarly gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentine Mirýan şäherinde bolup geçen ýangyn zerarly gynanç bildirdi

view-icon 959
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Ine ýurduň Mirýan şäherindäki hassahanada bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda, Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.