Ï Prezident Mun Çže In türkmen-koreý gatnaşyklarynyň has ýokary derejä çykjakdygyna ynam bildirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Prezident Mun Çže In türkmen-koreý gatnaşyklarynyň has ýokary derejä çykjakdygyna ynam bildirýär

view-icon 1058
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In doglan güni mynasybetli mähirli gutlag sözleri üçin hoşallyk bildirip milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat iberdi.

“1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan başlap, biziň hoşniýetli gatnaşyklarymyzyň yzygiderli ösdürilýändigine örän şatdyryn. Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy arkaly gatnaşyklarymyzyň ýene has ýokary derejä çykjakdygyna umyt edýärin.

Siziň alyp barýan ykdysady ösüş syýasatyňyzyň uly üstünliklidigine ynanýaryn hem-de ýurdumyzyň bu işlere öz goşandyny goşup biljekdigine umyt edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize saglyk we bagtyýarlyk hem-de ajaýyp ýurduňyza gülläp ösüş baradaky iň oňat arzuwlarymy ýollaýaryn” - diýip, hatda aýdylýar.