Ï Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Parkend şäherinde bolan pajygaly ýagdaý zerarly gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Parkend şäherinde bolan pajygaly ýagdaý zerarly gynanç bildirdi

view-icon 1088
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa Florida ştatynyň Parklend şäherindäki mekdepde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly waka zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.

Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan döwlet Baştutanymyz gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.