Ï Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 1044
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Abdel Fattah El-Sisä onuň Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutanymyz Gutlag hatynda Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk, bagt hem-de dostlukly ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde üstünlikler arzuw etdi.