Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň mejlisinde edaranyň işiniň ilkinji nobatdaky wezipelerine, şeýle hem guramaçylyk meselelerine seredildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 6-njy aprelinde geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde edaranyň bar bolan mümkinçiliklerini hem-de ýolbaşçylyk edýän edarasynyň kuwwatyny peýdalanmandygy üçin Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysynyň işini berk tankyt edendigi sebäpli B.Gylyjow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy hem-de SSE-niň müdiriýetiniň başlygy wezipelerinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň Tertipnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, SSE-niň müdiriýetiniň başlygy wezipelerine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow saýlanyldy.