Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň senagat pudagynda gazanylýan üstünlikleri we täzelikleri giňden ýaýratmak, halk köpçüligine öz wagtynda we talabalaýyk ýetirmek hem-de senagat pudagynyň kämilleşdirilişini yzygiderli beýan etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat ministrligine:
“Türkmenistanyň senagaty” žurnalyny hem-de ministrligiň merkezi edarasynda žurnalyň redaksiýasyny bellenen tertipde döretmäge;
“Türkmenistanyň senagaty” žurnalyny 2018-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, çärýekde bir gezek türkmen, rus we iňlis dillerinde ministrligiň serişdeleriniň hasabyna neşir etmäge ygtyýar berildi.
Türkmen döwlet neşirýat gullugyna “Türkmenistanyň senagaty” žurnalynyň ýokary hilli we wagtynda neşir edilmegini üpjün etmek;
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine “Türkmenistanyň senagaty” žurnalyna döwürleýin abuna ýazylyşygy guramak;
Türkmenistanyň Senagat ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.