Ï Marokkonyň Patyşasy türkmen liderini Oraza aýynyň gelmegi bilen gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Marokkonyň Patyşasy türkmen liderini Oraza aýynyň gelmegi bilen gutlady

view-icon 1051
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, halkyňyza bolsa mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Mukaddes Oraza aýy adamlaryň arasynda ynanyşmak hem-de raýdaşlyk ruhuny, musulman ymmatynda bolsa dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhümdigine akyl ýetirmek üçin örän ajaýyp mümkinçilikdir. Munuň özi ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda tagallalary işjeňleşdirýän, üzňelik, duşmançylyk we ekstremizm ýaly ýaramaz hadysalary inkär edýän ygtykatymyzyň beýik taglymlaryna eýermek üçin amatly pursatdyr.

Beýik Biribardan adamlaryň abadançylygynyň bähbidine edýän ýadawsyz tagallalarymyzda rowaçlyk dileýärin hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm meseleleriniň çözgüdi tapyljak, abadan we parahatçylykly durmuş höküm sürjek geljege ynam bilen garaýaryn.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

MOHAMMED VI,
Marokkonyň Patyşasy