Ï Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampy gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

view-icon 990
Siziň Alyhezretiňiz,
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti
jenap Donald TRAMP,


Doglan günüňiz mynasybetli meniň ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, şeýle hem amerikan halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlaryňyzda we maksatlaryňyzda üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin.

Hormatly jenap Prezident, biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga üýtgewsiz taýýardygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.