I. 2016-njy ýylyň 18-nji iýunynda kabul edilen «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 91-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:
1) 4-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:
«4-nji madda. Adalat edaralarynyň esasy wezipeleri
Adalat edaralarynyň esasy wezipeleri şulardan ybarat:
1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmek;
2) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwletiň işiniň hukuk üpjünçiligini amala aşyrmak;
3) Türkmenistanyň Mejlisi we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan taýýarlanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşmak, olara degişlilikde teklipler we hukuk netijenama bermek hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak;
4) degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna hukuk bilermenler seljermesini geçirmek;
5) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kanunylygyny üpjün etmek;
6) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak we ulgamlaşdyrmak;
7) Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet belligine almak;
8) ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň resmi çap edilmegine gözegçiligi amala aşyrmak;
9) jemgyýetçilik birleşiklerini, syýasy partiýalary we dini guramalary döwlet belligine almak;
10) Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň taslamalaryna hukuk netijenama bermek;
11) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde hukuk kömegini bermek hakynda Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny ýerine ýetirmek;
12) Türkmenistanyň halkara karz ylalaşyklaryna hukuk taýdan baha bermek;
13) halkara kazyýetlerde, arbitražlarda we daşary ýurt döwletleriniň kazyýetlerinde Türkmenistanyň adyndan wekilçilik edilmegini üpjün etmek;
14) gozgalmaýan emläge bolan hukuklary we onuň bilen bagly geleşikleri döwlet tarapyndan bellige almak;
15) notarial işini amala aşyrmak;
16) Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň (mundan beýläk — RÝNÝ) Merkezi arhiwine gelip gowuşýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny döwlet tarapyndan hasaba almagy, toplamagy, hemişelik saklamagy, peýdalanmagy we elektron binýadyny ýöretmegi üpjün etmek;
17) adwokatlar kollegiýalarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan kömek bermek we olaryň işini utgaşdyrmak;
18) öz ygtyýarlygynyň çäklerinde RÝNÝ edaralarynyň işini guramak;
19) Geňeşlere hukuk we usulyýet kömegini bermek;
20) hukukçylaryň we beýleki hünärmenleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak işini guramak;
21) hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak;
22) daşary ýurt döwletleri bilen hukuk maglumatlary alyşmak;
23) kanunçylygy düşündirmek we hukuk habarlylygy ýokarlandyrmagy guramaçylyk-usulyýet taýdan üpjün etmek;
24) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry wezipeleri amala aşyrmak.»;
2) 16-njy maddany şu görnüşde beýan etmeli:
«16-njy madda. Adalat edaralarynyň borçlary
Adalat edaralary öz üstüne ýüklenilen wezipelere laýyklykda şu aşakdakylara borçludyr:
1) adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmäge;
2) ygtyýarlyklarynyň çäginde döwletiň işiniň hukuk üpjünçiligini amala aşyrmaga;
3) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabşyrygy boýunça we öz başlangyjy bilen kanunlaryň hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamaga;
4) degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna hukuk bilermenler seljermesini geçirmäge;
5) Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynda bellenilen tabşyryklaryň esasynda şol namalardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri işläp taýýarlamaga;
6) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kanunylygyny üpjün etmäge;
7) degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hukuk seljermesini geçirmäge we olary döwlet belligine almaga;
8) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet tarapyndan hasaba almaga, ulgamlaşdyrmaga hem-de olaryň nusgalyk maglumatlar toplumyny alyp barmaga;
9) kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň elektron binýadyny ýöretmäge;
10) hukuk maglumatlarynyň we hukuk maglumatlaryny döwletara alyşmagyň ulgamlaryny ýöretmäge;
11) ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň resmi çap edilmegine gözegçiligi amala aşyrmaga;
12) ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň we häkimleriň ministrlik tarapyndan döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýygyndylaryny düzmäge we neşir etmäge;
13) fiziki we ýuridik şahslara Türkmenistanyň kanunçylygyny düşündirmäge;
14) jemgyýetçilik birleşiklerini, syýasy partiýalary we dini guramalary döwlet belligine almaga we olaryň döwlet sanawyny ýöretmäge;
15) jemgyýetçilik birleşikleriniň, syýasy partiýalaryň we dini guramalaryň işiniň tertipnamalaýyn maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelýändigine gözegçiligi amala aşyrmaga;
16) jemgyýetçilik birleşikler we dini guramalar üçin berilýän daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny, maksatnamalaryny we höweslendirmeleri döwlet belligine almaga hem-de olaryň maksadalaýyk peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrmaga;
17) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýatyrylan, şeýle hem işi bes edilen, togtadylan ýa-da gadagan edilen jemgyýetçilik birleşikleriniň we dini guramalaryň hasabyny ýöretmäge;
18) gozgalmaýan emläge bolan hukuklary we onuň bilen bagly geleşikleri döwlet tarapyndan bellige almaga we olaryň döwlet sanawyny ýöretmäge;
19) Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň taslamalarynyň hukuk seljermesini geçirmäge we olar boýunça netijenama bermäge;
20) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde hukuk kömegini bermek hakynda Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny ýerine ýetirmäge;
21) Türkmenistanyň halkara karz ylalaşyklaryna hukuk taýdan baha bermäge;
22) halkara kazyýetlerde, arbitražlarda, daşary ýurt döwletleriniň kazyýetlerinde Türkmenistanyň adyndan wekilçilik edilmegini üpjün etmäge;
23) daşary ýurt döwletleriniň ýustisiýa edaralary hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy bellenilen tertipde amala aşyrmaga;
24) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alnyşynyň kitaplarynyň we raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy hakynda şahadatnamalarynyň blanklarynyň görnüşlerini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamaga hödürlemäge, olaryň neşir edilmegini üpjün etmäge;
25) RÝNÝ edaralaryny raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy hakynda şahadatnamalarynyň blanklary bilen üpjün etmäge, olaryň hasaba alnyşyna, saklanylyşyna we peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrmaga;
26) Türkmenistanyň raýatlarynyň familiýasyny, adyny we atasynyň adyny üýtgetmek hakyndaky netijenamalary tassyklamaga;
27) Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky RÝNÝ Merkezi arhiwine gelip gowuşýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny döwlet tarapyndan hasaba almaga, toplamaga, hemişelik saklamaga, peýdalanmaga we elektron binýadyny ýöretmäge, şeýle hem RÝNÝ edaralarynyň arhiwleriniň dogry ýöredilmegine gözegçiligi amala aşyrmaga;
28) RÝNÝ edaralarynyň işine maslahat-usulyýet kömegini bermäge;
29) notarial hereketlerini amala aşyrmaga;
30) notarial hereketleriň kanuna laýyk amala aşyrylmagyny we notarial iş önümçiliginiň talaba laýyk alnyp barylmagyny üpjün etmäge;
31) adwokatlar kollegiýalarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan kömek bermäge;
32) notarial hereketlerini amala aşyrmak, raýat ýagdaýynyň namalaryny bellige almak bilen baglanyşykly meseleler boýunça Geňeşlere hukuk hem-de usulyýet kömegini bermäge;
33) adalat edaralarynyň ygtyýarlylyklaryna degişli ýüztutmalary kabul etmäge, seretmäge hem-de olara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde we möhletde jogap bermäge;
34) adalat edaralarynyň işleri bilen baglanyşykly döwlet paçlarynyň hem-de ýygymlarynyň dogry alynmagyna gözegçiligi amala aşyrmaga;
35) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry borçlary ýerine ýetirmäge.»;
3) 27-nji maddanyň üçünji we ýedinji böleklerinde, 28-nji maddanyň ikinji böleginde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri. 2018-nji ýylyň 9-njy iýuny.