Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo ýurduň Lombok adasynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda halkymyzyň we Hökümetiň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.