1996-njy ýylda Türkmenistanda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça başlanan taslamanyň tamamlanmagy halkara ähmiýetli taryhy waka öwrüldi. Ondan has ozal Hazar deňziniň täze halkara-hukuk derejesi hakyndaky gepleşikler 1992-nji ýylyň fewral aýynda Tähranda geçirilen Kenarýaka döwletleriň birinji maslahatynda başlandy.
Soňra bu gepleşikler hemişelik hereket edýän gepleşikler guralynyň — hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Ýörite iş toparynyň döredilmegine getirdi. Ýörite iş toparyny döretmek baradaky çözgüt Türkmenistanyň paýtagtynda 1996-njy ýylyň noýabr aýynda hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygynda kabul edildi. Mundan 22 ýyl ozal Aşgabatda hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi, şonda bu Konwensiýany taýýarlamak boýunça gepleşikler guralynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi Ýörite iş topary görnüşinde hemişelik esasda kesgitlenildi.
Bu uzak döwrüň dowamynda bilelikde geçilen ýoly ýatlamak bilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň ilkinji sammitini geçirmek baradaky başlangyjy biziň ýurdumyzyň öňe sürendigini, şeýle hem bu Forumyň 2002-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçirilendigini bellemek gerek. Ol duşuşyk ýakyn we uzakmöhletleýin netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemek boýunça başlangyç tapgyra öwrüldi. Şol döwürden başlap, döwletara gepleşikler guraly hil taýdan täze derejä çykaryldy. Birinji Hazar sammitinde soňraky geçirilen sammitlerde kabul edilen resminamalar üçin binýat bolan başlangyçlar öňe sürüldi.
2003-nji ýylda Hazarýaka ýurtlary — Azerbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Russiýa Federasiýasy we Türkmenistan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa gol çekdiler. Tähran Konwensiýasynyň maksady Hazaryň deňiz gurşawyny ähli çeşmelerden hapalanmakdan goramakdan ybaratdyr. Olar Hazar deňziniň biologiýa serişdelerini gorap saklamagy, gaýtadan dikeltmegi hem-de durnukly we rejeli peýdalanmagy öz içine alýar.
Hazarýaka döwletleriň ählisi tarapyndan tassyklanandan soňra Tähran konwensiýasy 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Bu gün Hazar deňziniň güni diýlip yglan edildi. Şondan bäri bu sene Türkmenistanda her ýyl bellenilýär, bu sene mynasybetli ýörite çäreler geçirilýär. Şu ýyl hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän ýylda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramakda gazanylanlar” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Biziň ýurdumyz ählumumy ekologiýa meselelerini çözmek, şol sanda Hazaryň täsin ekoulgamyny, onuň tebigy görnüşlerini, örän baý bioköpdürlüligini gorap saklamak boýunça netijeli çäreleri üstünlikli durmuşa geçirýär.
2007-nji ýylyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Pudagara topary döredildi, bu toparyň öňünde goýlan wezipeleriň biri Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda konwensiýany taýýarlamak bolup durýardy. Bu işe Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bilermenleri gatnaşdylar, degişli iş toparlary döredildi, olaryň işleriniň netijeleri Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrlikleriniň howandarlygy astynda geçirilen gepleşiklerde peýdalanyldy.
Ikinji Hazar sammiti 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda Tähranda geçirildi, onda hazarýaka döwletleriniň baştutanlary Jarnama gol çekdiler. Şeýlelikde, Aşgabatda başy başlanan gepleşikler hil taýdan täze derejede yzygiderli dowam etdi. Şolaryň netijeleri Tähranda, Bakuda we Astrahanda degişlilikde 2007-nji, 2010-njy we 2014-nji ýyllarda geçirilen sammitlerde kabul edilen möhüm çözgütleriň esasyny düzdi.
Bu duşuşyklarda çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişe we mundan beýläk-de sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, kenarýaka döwletleriň we olaryň köpasyrlyk taryhy-medeni ýörelgeler arkaly baglanyşýan halklarynyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen Hazar deňziniň meseleleri boýunça işjeň orny eýelejekdigini tassyklady.
Bu ugurdaky geljekki möhüm we anyk ädimler munuň subutnamasydyr. Hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk babatda möhüm resminamalaryň taýýarlanandygyny we kabul edilendigini bellemeli.
Şolaryň hatarynda Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk hem-de Hazar deňziniň suw hem-de biologiki serişdelerini saklamak we netijeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyk bar. Olara Hazarýaka döwletleriniň 2014-nji ýylda Astrahanda geçirilen IV sammitiniň jemleri boýunça gol çekildi.
Şol döwürde jemleýji resminamalar toplumyna Hazar deňziniň gidrometeorologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyk girizildi. Taslamanyň gutarnykly ylalaşylmagynda türkmen tarapy aýratyn tagalla etdi. Bu resminama boýunça alnyp barlan işler ýurdumyzyň Hazaryň gidrometeorologiýasy we hapalanmagyna gözegçilik baradaky utgaşdyryjy komitetine başlyklyk edýän döwründe tamamlandy.
Şu ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Hazar deňzi boýunça duşuşyklaryň we forumlaryň, şol sanda ýokarda agzalan Ýörite iş toparlarynyň, Hazarýaka döwletleriniň wekilçilikli toparlarynyň gatnaşmagynda bu meselelere bagyşlanan halkara maslahatyň geçirilýän merkezine öwrüldi.
2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärdeşleri — Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri bilen bilelikde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekdi. Munuň özi Hazar deňzinde dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň hukuk kadalaryny berkiden taryhy ähmiýetli binýatlyk resminama bolup durýar.
Şu ýerde Türkmenistanyň iki möhüm Ylalaşygyň başlangyjyny öňe sürendigini bellemeli. Şolara ýokary derejede geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça gol çekildi. Bu resminamalar däp bolan bäştaraplaýyn gatnaşyklara hil taýdan täze itergi berdi.
Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyk hem-de Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda ulag ulgamy hakynda Ylalaşyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dört ýyl mundan ozal, Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň IV sammitinde öňe süren başlangyçlary esasynda kabul edildi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hazarýaka döwletleriniň ählisine türkmen tarapynyň teklibini goldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Aktauda geçirilen duşuşykda eden çykyşynda milli Liderimiz kabul edilen ykbal çözüji resminamanyň — Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň aýry-aýry ugurlary boýunça özara gatnaşyklaryň tertibini işläp taýýarlamagy teklip etdi.
Hususan-da, milli Liderimiz bäş ýurduň daşary syýasat edaralaryna Daşary işler ministrlikleriniň howandarlygynda bäştaraplaýyn yzygiderli geňeşmeleri geçirmegiň guralyny döretmek bilen baglanyşykly meselelere seretmek boýunça tabşyryk bermegi teklip etdi.
Sammitiň dowamynda gol çekilen terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş babatdaky, Hazar deňzinde howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga goşmaça Serhet edaralarynyň özara gatnaşyklary boýunça Teswirnamalar sebitde durnuklylygyň pugtalandyrylmagyny şertlendirer diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz kenarýaka ýurtlarynyň arasyndaky ynanyşmak we birek-birege düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin Hazar deňzindäki hadysalaryň öňüni almak hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmeginiň ähmiýetini belläp, Hazaryň parahatçylyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk zolagy bolmalydygyny ýene bir ýola beýan etdi.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz harby çäreler babatda Hazar deňzinde ynanyşmak ugruny mundan beýläk-de işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň wajypdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp taýýarlamagyň we Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyna ynam bildirdi.
Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň düzgünlerini utgaşdyrmak hem-de şeýlelikde, Hazarda gözleg we halas ediş işleri babatda bäştaraplaýyn ylalaşyk bilen baglanyşykly çäreleri öňe ilerletmek boýunça teklip öňe sürüldi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň ýurtlaryň söwda-ykdysady we ulag babatdaky ýakynlyk derejesine bagly bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylda geçiriljek ilkinji Hazar ykdysady forumynyň biziň ýurtlarymyzyň bu ugurdaky tagallalary utgaşdyrmaga taýýardygynyň tassyklanmasyna öwrüljekdigine ynam bildirdi we bu forumy Türkmenistanda geçirmegi teklip etdi.
Milli Liderimiziň pikirine görä, bu forumyň Hökümet agzalarynyň, işewür we ylmy düzümleriň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk üçin hemişelik hereket edýän binýada öwrülmelidir, ol Hazarýaka döwletleriniň her birinde gezekme-gezek yzygiderli geçirilmelidir.
Milli Liderimiz ulag ulgamyny Hazar deňzindäki özara gatnaşyklarynyň möhüm ugry hökmünde tassyklap, bu ulgamdaky gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin Hazar ulag-logistika merkezini döretmegiň zerurdygyny belledi. Ýerine ýetiriji edara Hazarýaka ýurtlarynyň her biriniň kenarýaka şäherlerinde gezekme-gezek esasda ýerleşdirilmelidir.
Hazar sebiti bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunda möhüm orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazaryň ozalky sammitlerinde, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda, BMG-niň “Rio+20” Ählumumy maslahatynda we beýleki iri forumlarda öňe süren başlangyçlary ýurdumyzyň netijeli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlylygyny alamatlandyrýar. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýada hem-de Hazar deňziniň sebitinde söwda-ykdysady we ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek hakyndaky teklipler bar.
Şeýlelikde, ýokary derejede geçirilen bu gezekki duşuşyk Hazar sebitiniň ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyryň başlanýandygyny has aýdyňlygy bilen äşgär etdi we bäştaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryna hil taýdan täze itergi berdi.
Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen sammitiň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygynda hem beýan edildi. Söhbetdeşler duşuşyga gatnaşyjy ýurtlaryň ählisi üçin örän möhüm bolan çözgütleriň kabul edilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şolary durmuşa geçirmek üçin tagallalaryň utgaşdyrylmagy, sebitde howpsuzlygyň üpjün edilmegi, onda ynanyşmak, birek-birege düşünişmek ýagdaýynyň döredilmegi, dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegi zerur bolup durýar.
Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlary esasynda söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ylalaşyklaryň ähmiýetini bellediler. Olar kenarýaka döwletleriniň senagat, energetika, logistika, syýahatçylyk we beýleki pudaklardaky gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirer. Milli Liderimiziň teklibi boýunça ilkinji Hazar ykdysady forumyny 2019-njy ýylda Türkmenistanda geçirmek baradaky başlangyç bäş ýurduň işewür toparlarynyň we düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine täsirini ýetirer.
Iki goňşy döwletiň Baştutanlary Türkmenbaşynyň täze Halkara deňiz portuny, şol sanda onuň Gazagystanyň portlary bilen aragatnaşyklary ýola goýmagyny ulag ulgamynyň utgaşdyrylmagynyň geljekki ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtadylar.
Şunuň bilen baglylykda, Aktau şäherinde geçirilen sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunda alnyp barylýan guramaçylyk işleri bilen tanyşdy.
Hünärmenleriň baha bermegine görä, bu port Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitiniň ýurtlary üçin örän ähmiýetlidir. Onuň kuwwatlyklarynyň doly güýjünde işe girizilmegi Hazarýaka döwletleriniň gatnaşyklaryny täze derejä çykarar hem-de halkara ykdysady gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyny, ýurdumyzyň multimodal gatnaşyklary ulgamyndaky ornunyň ýokarlanmagyny şertlendirer.
Täze taryhy eýýamda Türkmenistan ulag geçelgelerini artdyrmak bilen, awtomobil hem-de demir ýollaryň, howa we deňiz ugurlarynyň gerimini giňeldýär hem-de ählumumy parahatçylygyň, durnukly ykdysady ösüşiň berkidilmegine ýardam berýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki döwre laýyk derejede täzeden dikeldilýändigini äşgär edýär. Bu ugurda gämi gurluşygy we söwda hojalygy möhüm orun eýeleýär. Olar tutuş Ýewraziýa giňişliginde ýük gatnawlaryny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Türkmenbaşydaky täze Halkara deňiz portunyň öňdebaryjy düzümi diňe bir ozal bar bolan däl, eýsem, geljekki islegleri kanagatlandyrmaga, ýokary hilli hyzmatlary ýola goýmaga ukyplydyr. Onuň doly kuwwatyna çykmagy yklymara ýük gatnawlarynyň logistik ulgamynyň möhüm ähmiýete eýe bolmagyny şertlendirer. Bu toplum ýük gatnawlarynyň gysga we amatly ugurlaryny üpjün etmek arkaly üstaşyr geçelgäni emele getirýär.
Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň düzümine parom, ýolagçy we konteýner terminallary, “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody, kenar düzüminiň köpsanly desgalary, şeýle hem ulag üpjünçiligine degişli estakadalary, köp zolaklary bolan awtomobil ýollary hem-de demir ýollar girýär.
Hususan-da, ýurdumyz üçin düýbünden täze önümçilik bolan “Balkan” zawody ýurdumyzyň gämigurluşygyny ösdürmek üçin binýat boldy. Gämileri gurmakdan başga-da, bu ýerde tankerleri, gury ýük gämilerini, tirkegleri we beýlekileri abatlamak boýunça işleriň doly tapgyry ýerine ýetiriler. Zawodyň önümçilik bölümleri ýylda 10 müň tonna polady işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Şu döwrüň dowamynda döwrebap tehnologiýalary hem-de halkara ölçeglerine kybap gelýän awtomatlaşdyrylan ulgamlary ulanmak bilen, zawod dört we ondan hem köp gämini gurmaga hem-de 20 gämini abatlamak we hyzmat etmek boýunça işleri geçirmäge ukyplydyr. Heniz zawodyň gurluşygy alnyp barylýarka, Türkmenistanda hem, ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem operatorlary, ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak we okatmak boýunça toplumlaýyn çäreler geçirildi.
Zawod IAСS-International Assoсiation Сlassifiсation Soсietes (MAKO — Hünär synaglary jemgyýetleriniň halkara assosiasiýasy) MAKO deňiz gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda standartlary we kadalary işläp düzmek wezipesini ýerine ýetirýär. Dünýä söwda flotunyň möçberiniň 90 göterimden gowragy MAKO jemgyýetleriň agzalaryna degişlilidir. Häzirki wagtda “Balkan” zawodynda üç gäminiň abatlaýyş işleri alnyp barylýar, olar “Türkmenistan” we “Magtymguly” gury ýük gämisidir hem-de “Bitarap” nebit guýulýan tankerdir. Hazar deňziniň türkmen böleginde işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň gämilerini abatlamak üçin hem mümkinçilikler bar.
Halkara deňiz portunda refrižerator konteýnerlerini saklamak hem göz öňünde tutulandyr, meýdany 9 müň inedördül metrden gowrak bolan ýapyk ammarlar bar. Bu terminal sebitiň eksport-import ýük gatnawlar ulgamynda Türkmenistany öňdäki orunlara çykarmaga ukyplydyr. Multimodal logistika toplumy howa, awtomobil we demir ýol ulaglary bilen getirilen konteýner ýüklerini saklamak hem-de toplumlaýyn işlemek boýunça hyzmatlar ulgamyny amala aşyrar, şolary gämilere ýüklemek we düşürmek amallaryny ýerine ýetirer.
Konteýner terminalyna gelýän ähli maglumatlary operatorlaryň monitorynda görkezýän gözegçiligiň hemra ulgamy bilen üpjün edilendir hem-de ähli babatda CTQI (Container Terminal Quality Indicator — konteýner terminallarynyň hil görkezijisi) ölçegine laýyklykda taslandy. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda tutuş dünýäde konteýnerleriň dolanyşygy çalt artýar, bu bolsa konteýner terminallarynyň sanynyň artmagyna täsirini ýetirdi. CTQI ölçeginiň ornaşdyrylmagy hyzmatlaryň bu görnüşinde bir bitewi hil gözegçiligini döretmäge mümkinçilik berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze port “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna gelýän syýahatçylaryň, ozaly bilen, goňşy Hazarýaka döwletlerinden gelýän jahankeşdeleriň sanynyň artmagyna ýardam eder. Bu ýerde dynç alýanlary ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýän kaşaň myhmanhanalar we amatly kottež toplumlary, döwrebap sport desgalary hem-de ösen dynç alyş düzümi garşy alar.
Biziň ýurdumyz dünýä ykdysadyýetiniň möhüm bölegi, häzirki wagtda ösüşiň esasy hereketlendirijisi bolan ulag-aragatnaşyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine uly goşant goşýar. Bu ulgamda örän uly kuwwata eýe bolan Türkmenistan iri halkara we sebit ähmiýetli taslamalaryň birnäçesini öňe sürýär. Şolaryň amala aşyrylmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň goňşy sebitleriň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny häzirkizaman derejesine çykarmaga, uzak geljekde sebitara gatnaşyklaryna kuwwatly itergi bermäge, Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deňiz hem-de Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta hem-de Günorta Gündogar Aziýany birleşdirýän, täze geoykdysady giňişliginiň keşbiniň esasyny goýmaga mümkinçilik berer.
BMG-niň Baş Assambleýasy türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda ulag boýunça üç Kararnamany — 2014-nji ýylda “Durnukly ösüş maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag we üstaşyr geçelgeleriň orny”, “2015-nji ýylda “Durnukly multimodal üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam etmek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy üpjün etmegiň ýolunda” hem-de 2017-nji ýylda “Durnukly ösüş ulgamynda maksatlara ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak” atly Kararnamalary kabul etdi.
Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýolunyň gurluşygy boýunça taslamanyň amala aşyrylmagy goňşy döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň aýdyň mysalydyr, bu demir ýol sebit we halkara ulag düzüminiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Hazarýaka ýurtlarynyň bäşisiniň çäkleri Aziýany we Ýewropany birleşdirýän hem-de Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ulag-üstaşyr we söwda geçelgeleriniň hem-de ýük akymlarynyň gatnadylmagyny ýeňilleşdirýän tebigy geografiýa giňişligi bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz Hazar deňzinde energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belleýär, şunda taraplaryň hoşniýetli erk-islegi, özara hormat goýmak, birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna üýtgewsiz eýermek esasy ýörelgeler bolmalydyr.
Türkmen Lideri ekologiýa daşky gurşawy goramak, bu täsin tebigy suw howdanynyň biodürlüligini gorap saklamak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak ulgamyny hyzmatdaşlygyň aýratyn ugry hökmünde kesgitleýär. Bu ulgamda ýurdumyz milli derejede yzygiderli işleri geçirýär, öz goňşy ýurtlary we hyzmatdaşlary, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen bilelikde Hazarda bar bolan hem-de ýüze çykmagy mümkin bolan ekologiýa meseleleriniň çözgüdine täzeçe çemeleşmegi hödürleýär.
BMG-niň esasy tebigaty goraýyş Konwensiýalaryny tassyklamak hem-de öz üstüne borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarly Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy (UNEP), Ählumumy ekologiýa gaznasy (ÄEG) we beýleki ýöriteleşdirilen düzümler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzyň Hazar ekologiýa maksatnamasyny (HEM) durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Hazar deňziniň türkmen kenarynda degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işlerini utgaşdyrmak, Milli Hazar hereketleriniň meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen ýurdumyzda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara topar döredildi.
Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde ekologiýa meseleleriniň geriminiň giňdigini nazara almak bilen, Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda ýörite düzümi – howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek teklibini öňe sürdi we bu düzümiň işlemegi üçin zerur ähli şertleri döretmäge taýýardygyny beýan etdi.
Köpugurly özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek, Hazar deňziniň ägirt uly ykdysady, ulag we energetika kuwwatyny doly herekete getirmek boýunça yzygiderli çäreleri geçirmek bilen Türkmenistan gadymy Hazara parahatçylyk, dostluk hem-de ylalaşyk deňziniň derejesiniň berilmegine hemmetaraplaýyn ýardam edýär.