Türkmenistanda 2018-nji ýylyň 9 — 15-nji sentýabry aralygynda geçirilen “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşynda ýeňiji bolan türkmenistanly gatnaşyjylary awtoulag serişdeleri bilen sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan:
— ýeňil awtoulaglaryň arasynda 3-nji orna hem-de T1 toparda 3-nji orna mynasyp bolan 100 belgili awtoulagyň sürüjisi Hojaguly Annamämmedow “Mercedes — Benz E200 Coupe” kysymly ýeňil awtoulag serişdesi we şol awtoulagyň ýol beledi Gaýgysyz Akmyradow “Toyota Avalon” kysymly ýeňil awtoulag serişdesi bilen;
— T2 toparda 3-nji orna mynasyp bolan 104 belgili awtoulagyň sürüjisi Guwançmyrat Hommadow “Toyota Camry” kysymly ýeňil awtoulag serişdesi we şol awtoulagyň ýolbeledi Rejepnyýaz Annaberdiýew “Toyota Camry” kysymly ýeňil awtoulag serişdesi bilen sylaglanyldy.
***
Türkmen sportuny ösdürmekde we onuň halkara abraýyny belende götermekde bitiren hyzmatlaryny hem-de Türkmenistanda 2018-nji ýylyň 9 — 15-nji sentýabry aralygynda geçirilen “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşyna işjeň gatnaşandyklaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, işgärleriň we türgenleriň bir topary ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda çykaran №410 Permanyny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň goranmak ministrine, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň içeri işler ministrine, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministrine, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.