Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler girizmek hakynda

view-icon 13225
I. 2008-nji ýylyň 3-nji martynda «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 1, 18-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:

1) üçünji bentde:

birinji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:

«Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady bu hormatly adyň dakylýan ýylynyň birinji ýanwaryna çenli enäniň sekizinji çagasy dünýä inen we beýleki çagalary diri bolan mahalynda dakylýar.»;

soňky tesimde «dereksiz ýiten» diýen sözleri «nam-nyşansyz ýiten» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) dördünji bentde «ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly;

3) altynjy bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«6. Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň on essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenilýär.»;

4) ýedinji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«7. Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen halatlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar, olara diş protezleri hyzmatlaryndan — Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna, jemgyýetçilik awtoulag serişdelerinden (taksiden başgasy), şeýle hem olara we olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalaryna suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan degişli edaralaryň öz serişdeleriniň hasabyna mugt peýdalanmaga hukuk berilýär.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär, muňa şu Kanunyň I böleginiň 4-nji bendi degişli däldir.

Şu Kanunyň I böleginiň 4-nji bendi 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


Aşgabat şäheri. 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabry.