Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda

view-icon 12070
I. 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 4, 91-nji madda; 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2014 ý., № 4, 152-nji madda; 2015 ý., № 3, 113-nji madda; 2016 ý., № 2, 100-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 45-nji madda) şu goşmaçany we üýtgetmeleri girizmeli:

1) 1-nji maddanyň birinji bölegine şu mazmunly bendi goşmaly:

«9) doly döwlet üpjünçiliginde bolýan adamlar — gartaşan adamlar we maýyplygy bolan adamlar üçin öý-internatlarynda, mekdep-internatlarynda, çagalar öýlerinde we beýleki edaralarda hemişelik ýaşaýan, döwlet tarapyndan mugt iýmit, egin-eşik, aýakgap, ýazuw we okuw esbaplary bilen üpjün edilýän, saglygy goraýyş hyzmatlaryndan mugt peýdalanýan adamlar.»;

2) 4-nji maddanyň birinji böleginiň san belgisini we ikinji bölegini aýyrmaly;

3) 8-nji maddada:

sekizinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«8. Işleýän pensiýa ýa-da döwlet kömek puluny alýan adamyň pensiýasy ýa-da döwlet kömek puly doly möçberde tölenilýär.»;

dokuzynjy bölekde «döwletiň doly üpjünçiliginde» diýen sözleri «doly döwlet üpjünçiliginde» diýen sözlere çalşyrmaly;

4) 20-nji maddanyň dördünji böleginiň 5-nji bendinde, 52-nji we 93-nji maddalaryň birinji böleklerinde «kepillendiriş» diýen sözi «notarial» diýen söze çalşyrmaly;

5) 45-nji we 90-njy maddalaryň birinji böleklerinde «ruhy keseller» diýen sözleri «psihiatrik» diýen söze çalşyrmaly;

6) 46-njy maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«46-njy madda. Psihiatrik edarasynda ýatymlaýyn şertlerde bejergi alýan adamlara pensiýanyň tölenilmegi

1. Psihiatrik edarasynda 60 güne çenli möhlet bilen ýatymlaýyn şertlerde bejergi alýan adamlara şol döwür üçin pensiýa olar bejergiden çykandan soň tölenilýär.

Psihiatrik edarasynda 60 günden köp möhlet bilen ýatymlaýyn şertlerde bejergi alýan adamlara pensiýa şu aşakdaky möçberlerde tölenilýär:

1) bellenen pensiýanyň 20 göterimi möçberinde, ýöne degişli pensiýanyň bellenen iň pes möçberiniň 40 göteriminden az bolmadyk möçberde;

2) toplaýyş pensiýa usuly boýunça bellenen pensiýasy — doly möçberde.

2. Psihiatrik edarasynyň ýolbaşçylygy pensiýa alýan adam bejergi almaga gelende we bejergiden çykanda bäş günüň dowamynda bu barada Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasyna habar bermäge borçludyr.»;

7) 51-nji maddanyň dördünji böleginde «döwletiň doly üpjünçiliginde» diýen sözleri «doly döwlet üpjünçiliginde» diýen sözlere çalşyrmaly;

8) 91-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«91-nji madda. Psihiatrik edarasynda ýatymlaýyn şertlerde bejergi alýan adamlara döwlet kömek pulunyň tölenilmegi

1. Psihiatrik edarasynda 60 güne çenli möhlet bilen ýatymlaýyn şertlerde bejergi alýan adamlara şol döwür üçin döwlet kömek puly olar bejergiden çykandan soň tölenilýär.

Psihiatrik edarasynda 60 günden köp möhlet bilen ýatymlaýyn şertlerde bejergi alýan adamlara döwlet kömek pulunyň tölenilmegi bellenýän puluň 20 göterimi möçberinde geçirilýär, ýöne döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenen binýatlyk ululygyň 20 göteriminden az bolmaly däldir.

2. Psihiatrik edarasynyň ýolbaşçylygy döwlet kömek puluny alýan adam bejergi almaga gelende we bejergiden çykanda bu barada bäş günüň dowamynda Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasyna habar bermäge borçludyr.»;

9) 95-nji maddanyň üçünji böleginde «pensiýa» diýen sözi «döwlet kömek puluny» diýen sözlere çalşyrmaly;

10) 114-nji maddanyň birinji böleginiň 15-nji bendinde, 115-nji maddanyň birinji böleginiň 11-nji bendinde, 120-nji maddanyň birinji böleginiň 8-nji bendinde we 122-nji maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendiniň «a» kiçi bendiniň dördünji tesiminde, «b» kiçi bendiniň üçünji tesiminde we «d» kiçi bendiniň ikinji tesiminde «bellenilen sarp ediş ölçeglerinden artyk» diýen sözleri aýyrmaly;

11) 126-njy maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«126-njy madda. Maýyplygy bolan adamlaryň durmuş taýdan goralmagyny üpjün etmek babatda döwlet dolandyryşy

Maýyplygy bolan adamlaryň durmuş taýdan goralmagyny üpjün etmek babatda döwlet dolandyryşy Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.»;

12) 137-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«137-nji madda. Maýyplygy bolan çagalaryň mekdepden daşary okuwy we terbiýesi

Bilim we beýleki döwlet edaralary maýyplygy bolan çagalara mekdepden daşary okuwyň we terbiýäniň elýeterli bolmagyny üpjün edýärler.»;

13) 148-nji maddanyň üçünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«3. I topar maýyplygy bolan adamlaryň (maýyplygy kanuna garşy hereketler netijesinde ýüze çykan adamlardan başga), olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalarynyň suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan degişli edaralaryň öz serişdeleriniň hasabyna mugt peýdalanmaga hukuklary bardyr.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär, muňa şu Kanunyň I böleginiň 10-njy we 13-nji bentleri degişli däldir.

Şu Kanunyň I böleginiň 10-njy we 13-nji bentleri 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


Aşgabat şäheri. 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabry.