Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>«Feldýeger aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>«Feldýeger aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda

view-icon 10768
I. 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda kabul edilen «Feldýeger aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 3, 102-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:

1) preambulada, 6-njy maddanyň adynda, birinji we ikinji böleklerinde, 8-nji maddanyň 11-nji bendinde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly;

2) 3-nji maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Döwletiň howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleriň we serişdeleriň aýrylmaz bölegi bolan, döwlet häkimiýetiniň bähbitlerine hereket edýän we feldýeger aragatnaşygy çygrynda işi amala aşyrýan döwlet feldýeger aragatnaşygy edarasynyň (mundan beýläk — döwlet feldýeger gullugy) ygtyýarlyklary şu Kanun we döwlet feldýeger gullugy hakynda Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

Döwlet feldýeger gullugy hakynda Düzgünnama we şol gullugyň işiniň guralyşynyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.»;

3) 4-nji maddanyň birinji böleginde:

2-nji bentde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;

4-nji bentde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly;

4) 7-nji maddanyň birinji böleginde:

1-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«1) hat-habarlary kabul etmegiň we gowşurmagyň tertibini, ölçegleriň ýol berilýän aňryçäk möçberlerini, şeýle hem feldýeger aragatnaşyk hyzmatlarynyň nyrhlaryny bellemäge;»;

9-njy bentde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


Aşgabat şäheri. 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabry.