Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>«Binagärlik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>«Binagärlik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda

view-icon 13326
I. 2017-nji ýylyň 4-nji fewralynda kabul edilen «Binagärlik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 8-nji madda) şu goşmaçalary we üýtgetmäni girizmeli:

1) 1-nji madda şu mazmunly bentleri goşmaly:

«10) gurluşykda nyrh emele getirmek — umumy nyrh syýasatynyň bir bölegi bolmak bilen, ähli pudaklar üçin nyrh emele getirmegiň umumy ýörelgelerine daýanýan gurluşyk bazarynda hyzmatlaryň we materiallaryň bahasynyň döreýiş täri.

11) milli çykdajy-ölçeg binýady — gurluşykda nyrh emele getirmek maksady bilen işlenip taýýarlanylýan hukuk namalarynyň, ölçegleriň, nyrhnamalaryň we beýleki resminamalaryň toplumy.»;

2) 5-nji maddanyň 3-nji bendinden soň şu mazmunly bentleri goşmaly:

«31) gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;

32) gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleri maliýeleşdirmegiň çeşmelerini hem-de möçberlerini belleýär.»;

3) 6-njy maddada:

2-nji bendiň «a» kiçi bendinde «düzgünleşdirýän» diýen sözden soň «hem-de gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek babatda» diýen sözleri goşmaly;

3-nji bentden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«31) gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek babatda döwlet maksatnamasyny we ony ýerine ýetirmegiň meýilnamasyny işläp taýýarlaýar we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tassyklamagyna girizýär;»;

4-nji bende şu mazmunly kiçi bendi goşmaly:

«l) gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek babatda gözegçiligi;»;

4) V baba şu mazmunly maddany goşmaly:

«221-nji madda. Binagärlik işiniň maliýeleşdirilmegi

1. Binagärlik işiniň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, buýrujynyň (gurujynyň, potratçynyň) hususy we çekilen serişdeleriniň, şeýle hem inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmegine fiziki we ýuridik şahslaryň paýly gatnaşmagynyň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleri maliýeleşdirmek bu maksatlar üçin geçirilýän serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


Aşgabat şäheri. 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabry.