Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyny we ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň özara ätiýaçlandyrylmagyny üpjün etmek, Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň we podstansiýalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň — Karz alyjynyň adyndan Aziýanyň Ösüş banky bilen karz ylalaşygyny baglaşmaga ygtyýar berildi. Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen degişli içerki karz ylalaşygyny, şeýle hem Aziýanyň Ösüş banky bilen Taslama ylalaşygyny baglaşmaga ygtyýar berildi.