Ï Türkmenistanyň Prezidenti Jorj Uoker Buşa gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Jorj Uoker Buşa gynanç bildirdi

view-icon 1251
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Jorj Uoker Buşa onuň kakasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 41-nji Prezidenti we görnükli syýasatçy Jorj Gerbert Uoker Buşuň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz bu habary gynanç bilen kabul edip, şu agyr pursatda Jorj Uoker Buşa hem-de onuň ähli maşgala agzalaryna tüýs ýürekden duýgudaşlyk bildirdi we çuňňur gynanjyny beýan etdi.