Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 83 868,3 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 21 501,2 mln. manat möçberde tassyklamaly.
2-nji madda
2019-njy ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 76 604,8 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 14 237,6 mln. manat möçberde tassyklamaly.
3-nji madda
salgytlaryndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2019-njy ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:
goşulan | peýdadan | ýerasty baýlyklardan | |
---|---|---|---|
baha üçin | alynýan | peýdalanmak | |
salgytdan | salgytdan | üçin salgytdan | |
Aşgabat şäheri | 4,0% | 4,3% | 4,0% |
Ahal welaýaty | 95,0% | 95,0% | 95,0% |
Balkan welaýaty | 16,0% | 14,8% | 16,0% |
Daşoguz welaýaty | 95,0% | 95,0% | 95,0% |
Lebap welaýaty | 95,0% | 95,0% | 95,0% |
Mary welaýaty | 58,0% | 57,4% | 58,0% |
2019-njy ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 1 513,8 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:
Ahal welaýaty | 187,2 | mln. manat |
---|---|---|
Daşoguz welaýaty | 1 104,1 | mln. manat |
Lebap welaýaty | 222,5 | mln. manat |
5-nji madda
Ýerli býujetleri 8 777,4 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:
Aşgabat şäheri | 1 683,1 | mln. manat |
---|---|---|
Ahal welaýaty | 1 149,1 | mln. manat |
Balkan welaýaty | 1 003,9 | mln. manat |
Daşoguz welaýaty | 1 556,4 | mln. manat |
Lebap welaýaty | 1 800,5 | mln. manat |
Mary welaýaty | 1 584,4 | mln. manat |
6-njy madda
Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.
7-nji madda
Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli.
2019-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda döwlet nesýe almalary boýunça bergini üzmek üçin gönükdirilýär diýip bellemeli.
8-nji madda
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2018-nji ýylyň 1-nji dekabry.
№ 96-VI.