Ï Resmi habar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habar

view-icon 1120
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, awtomobil ulaglary ministri “Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşyga” laýyklykda ilkinji ýük kerweniniň ugradylmagy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärä gatnaşmak üçin, 2018-nji ýylyň 12 — 13-nji dekabrynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäherinde gulluk iş saparynda bolar.