I. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 52-nji madda,
№ 4, 76-njy madda; 2014 ý., № 1, 45-nji madda, № 2, 79-njy madda, № 4, 162-nji madda; 2015 ý., № 1, 10-njy madda, № 3, 104-nji madda, № 4, 124-nji we 143-nji maddalar; 2016 ý., № 1, 6-njy, 29-njy we 62-nji maddalar, № 4, 140-njy we 162-nji maddalar; 2017 ý., № 1, 12-nji we 30-njy maddalar, № 2, 74-nji madda, № 3, 105-nji madda, № 4, 147-nji we 167-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 43-nji madda, № 3-4, 90-njy madda), şu goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmeli:
1) 195-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:
«195-nji madda. Howa gämisi dolandyrylýan wagty lazer şöhlesini gönükdirmek ýoly bilen päsgelçilik döretmek
Howa gämisi dolandyrylýan wagty howa gämisine lazer şöhlesini gönükdirmek ýoly bilen päsgelçilik döretmek — hukuk bozulmanyň edilmeginiň guraly ýa-da gös-göni obýekti bolan emlägi muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.»;
2) 236-njy maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:
«236-njy madda. Ulag serişdeleriniň sürüjileriniň howplyýükler daşalanda ýoluň kesgitlenen ugrundan rugsatsyz çykmagy
1. Ulag serişdeleriniň sürüjileriniň howply ýükler daşalanda ýoluň kesgitlenen ugrundan rugsatsyz çykmagy — binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmasy üçin administratiw temmisi ulanylandan soň onuň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi — binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.»;
3) 315-nji maddanyň ikinji böleginiň dizpozisiýasyny şu görnüşde beýan etmeli:
«Alkogolly içgileriň, piwo, çakyr materiallarynyň ýigrimi bir ýaşyna ýetmedik adamlara we temmäki önümleriniň kämillik ýaşyna ýetmedik adamlara satylmagy—»;
4) 390-njy madda şu mazmunly bölegi goşmaly:
«4. Şu maddanyň birinji, ikinji we üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi — fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna, wezipeli adamlara — onusyndan on bäşisine, ýuridik şahslara — on bäşisinden ýigrimi bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.»;
5) 392-nji maddanyň mazmunyny «1.» san bilen belgilemeli we madda şu mazmunly bölegi goşmaly:
«2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmasy üçin administratiw temmisi ulanylandan soň onuň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi — fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ýedisine, wezipeli adamlara — ýedisinden onusyna, ýuridik şahslara — onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.»;
6) 460-njy maddanyň birinji böleginde «236-njy» diýen sandan soň «,236-njy» diýen sany goşmaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär, muňa şu Kanunyň I böleginiň 3-nji bendi degişli däldir.
Şu Kanunyň I böleginiň 3-nji bendi 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW
Aşgabat şäheri.
2018-nji ýylyň 1-nji dekabry.