I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:
1. 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 9-njy madda, № 4,
118-nji madda; 2014 ý., № 1, 50-nji madda; 2015 ý., № 4, 129-njy madda; 2016 ý., № 4, 166-njy madda; 2017 ý., № 4, 143-nji madda; 2018 ý., № 2, 46-njy madda):
1) 1-nji maddanyň birinji böleginiň 21-nji bendinde «maýyp bolanlar» diýen sözleri «maýyplygy bolan adamlar bolup durýan» diýen sözlere çalşyrmaly;
2) 9-njy maddanyň ikinji böleginde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly;
3) 60-njy maddanyň ikinji böleginde we 61-nji maddanyň birinji böleginiň 4-nji bendinde «maýyp bolan» we «ýetmedik maýyp» diýen sözleri degişlilikde «maýyplygy bolan» we «ýetmedik maýyplygy bolan» diýen sözlere çalşyrmaly;
4) 144-nji maddanyň ikinji böleginde «maýyp bolan» diýen sözleri «maýyplygy bolan adam bolup durýan» diýen sözlere çalşyrmaly;
5) 146-njy we 153-nji maddalaryň birinji böleklerinde «maýyp bolmagy» diýen sözleri «şikes ýetmegi» diýen sözlere çalşyrmaly;
6) 189-njy maddanyň üçünji böleginde «maýyplardan» diýen sözi «maýyplygy bolan adamlardan» diýen sözlere çalşyrmaly.
2. 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 4, 91-nji madda; 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2014 ý., № 4, 152-nji madda; 2015 ý., № 3, 113-nji madda; 2016 ý., № 2, 100-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 45-nji madda, № 3—4, 98-nji madda):
1) preambulada, 1-nji maddanyň birinji böleginiň 3-nji bendinde, 2-nji maddanyň mazmunynda, 44-nji maddanyň birinji tesiminde, 48-nji maddanyň ikinji tesiminde, 50-nji maddanyň ikinji böleginiň 1-nji bendinde, 86-njy maddanyň ikinji tesiminde, 89-njy maddanyň mazmunynda, 96-njy maddanyň ikinji böleginde, 98-nji maddanyň mazmunynda, 108-nji maddanyň 1-nji bendiniň birinji tesiminde, VI bölümiň adynda, 114-nji maddada, 118-nji maddanyň 7-nji bendinde, 120-nji maddada, 122-nji maddanyň mazmunynda, 20—22-nji baplarda, 23-nji babyň adynda, 131—133-nji we 136-njy maddalarda, 24-nji babyň adynda, 140-njy maddada, 141-nji maddanyň mazmunynda, 142-nji, 145-nji we 146-njy maddalarda, 25-nji babyň adynda, 149-njy maddanyň mazmunynda, 150-nji we 151-nji maddalarda maýyplara we maýyba salgylanmalary degişlilikde maýyplygy bolan adamlara we maýyplygy bolan adama salgylanmalara çalşyrmaly;
2) 3-nji maddanyň 7-nji bendinde «döwlet» diýen sözi «Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;
3) 11-nji maddada: birinji bölegiň 6-njy bendini şu görnüşde beýan etmeli:
«6) aýratyn döwürlerde döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň hökmany görnüşi boýunça ätiýaçlandyrylmagyny.»; ikinji bölekde «bölegiň» diýen sözi «maddanyň birinji böleginiň» diýen sözlere çalşyrmaly;
4) 23-nji maddanyň 4-nji bendinde, 41-nji maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendiniň «d» kiçi bendinde, 70-nji maddanyň mazmunynda, 81-nji maddanyň ikinji böleginiň 2-nji bendinde, 135-nji we 138-nji maddalarda «maýyp» we «Maýyp» diýen sözleri degişlilikde «maýyplygy bolan» we «Maýyplygy bolan» diýen sözlere çalşyrmaly;
5) 26-njy maddada:
birinji we ikinji böleklerde «maýyp» diýen sözi «maýyplygy bolan adam» diýen sözlere çalşyrmaly; üçünji bölekde:
birinji tesimde we 1-nji bentde «maýyplar» diýen sözi «maýyplygy bolan adamlar» diýen sözlere çalşyrmaly;
2-nji bentde «maýyp bolanlar» diýen sözleri «maýyplygy bolan adamlar» diýen sözlere çalşyrmaly;
3-nji bendiň birinji tesiminde «maýyplary» diýen sözi «maýyplygy bolan adamlary» diýen sözlere çalşyrmaly;
6) 27-nji maddanyň üçünji böleginiň 3-nji bendinde «maýyp» diýen sözi «maýyplygy bolan adamlar bolup durýan» diýen sözlere çalşyrmaly;
7) 29-njy maddanyň birinji böleginde:
üçünji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:
«Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, raýatlaryň aýry-aýry toparlarynyň iş döwrüne şu aşakdaky döwürler hem goşulýar:»;
2-nji bentde «maýyba» we «maýyp» diýen sözleri degişlilikde «maýyplygy bolan adama» we «maýyplygy bolan» diýen sözlere çalşyrmaly;
8) 33-nji maddanyň ikinji böleginde:
1-nji bende şu mazmunly kiçi bendi goşmaly:
«ç) aýratyn döwürlerini tassyklaýan resminamalar;»;
2-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:
«2) hünär pensiýasynyň bellenilmegi üçin:
a) pasportyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
b) aýratyn döwürlerini tassyklaýan resminamalar;»;
3-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:
«3) gulluk ýyllary boýunça pensiýanyň bellenilmegi üçin:

4-nji bende şu mazmunly kiçi bendi goşmaly:
«e) aýratyn döwürlerini tassyklaýan resminamalar;»;
9) 37-nji maddanyň mazmunynda «maýyplara», «maýyplaryna», «maýyplarynyň» we «maýyplaryň» diýen sözleri degişlilikde «maýyplygy bolan adamlara», «maýyplygy bolan adamlaryna», «maýyplygy bolan adamlarynyň» we «maýyplygy bolan adamlaryň» diýen sözlere çalşyrmaly;
10) 57-nji maddada:
birinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek pullary:
1) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalarda, guramalarda we edaralarda — olaryň hususy serişdeleriniň hasabyna;
2) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän guramalarda we edaralarda — zähmet haky gorunyň tygşytlanan serişdeleriniň hasabyna, olaryň ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda Türkmenistanyň Döwlet býujetinde bölünip berlen serişdeleriň çäginde maliýeleşdirilýär.»; bir belgili birinji bölegi aýyrmaly;
11) 65-nji maddanyň mazmunynda, 77-nji maddanyň birinji, ikinji we üçünji böleklerinde, 134-nji we 143-nji maddalarda, 147-nji maddanyň mazmunynda, 148-nji we 152-nji maddalarda «maýyp», «maýyplaryň», «maýyplara», «Maýyplara», «Maýyplaryň» we «maýyplar» diýen sözleri degişlilikde «maýyplygy bolan», «maýyplygy bolan adamlaryň», «maýyplygy bolan adamlara», «Maýyplygy bolan adamlara», «Maýyplygy bolan adamlaryň» we «maýyplygy bolan adamlar» diýen sözlere çalşyrmaly;
12) 73-nji maddanyň ikinji böleginiň 4-nji we 5-nji bentlerinde «maýyp diýlip» we «maýyp» diýen sözleri degişlilikde «maýyplygy bolan adam diýlip» we «maýyplygy bolan» diýen sözlere çalşyrmaly;
13) 154-nji maddada:
ikinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«2. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy pensiýalary we döwlet kömek pullaryny (wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek pullaryndan başga), birwagtlaýyn pul sylaglaryny we birwagtlaýyn pul kömegini tölemek boýunça çykdajylaryň hasaba alnyşyny ýöredýär we bellenilen tertipde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine hasabat berýär.»;
üçünji bölekde «Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň we» diýen sözleri aýyrmaly.
3. 2013-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 1, 3-nji madda; 2015 ý., № 4, 128-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda) 98-nji maddasynyň birinji böleginiň san belgisini we ikinji bölegini aýyrmaly.
4. 2015-nji ýylyň 18-nji awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 94-nji madda; 2017 ý., № 1, 28-nji madda, № 4, 142-nji madda) 138-nji maddasynyň 7-nji bendinde «bellenilen limitlerden artyk» diýen sözleri aýyrmaly.
5. 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen «Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 36-njy madda, № 4, 116-njy madda; 2014 ý., № 2, 81-nji madda; 2016 ý., № 1, 67-nji madda, № 4, 142-nji madda):
1-nji maddanyň üçünji böleginde «maýyplar» diýen sözi «maýyplygy bolan adamlar» diýen sözlere çalşyrmaly;
5-nji maddanyň birinji böleginde, 10-njy maddanyň üçünji böleginde we 18-nji maddanyň mazmunynda «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly.
6. 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 38-nji madda; 2013 ý., № 4, 91-nji madda; 2014 ý., № 3, 113-nji madda; 2015 ý., № 3, 114-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji we 170-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 43-nji madda):
1) 1-nji maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendinde «zähmete ukyplylygyny wagtlaýyn ýitiren» diýen sözleri aýyrmaly;
2) 6-njy maddada:
üçünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«3. Aýratyn döwürlerde şu Kanunyň 7-nji maddasynyň ikinji böleginiň 7-10-njy bentlerinde görkezilen şahslar üçin Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy ätiýaçlandyrýan bolup durýar.»; şu mazmunly bölegi goşmaly:
«4. Maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetçilik guramalarynda, olaryň kärhanalarynda we edaralarynda işleýän şahslar üçin, muňa maýyplyk boýunça pensiýany (döwlet kömek puluny) alýanlar degişli däldir, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarlyk berlen döwlet edarasy ätiýaçlandyrýan bolup durýar.»;
3) 7-nji maddada: ikinji bölegiň 8-nji bendinde «maýyba» we «16 ýaşa çenli maýyp» diýen sözleri degişlilikde «maýyplygy bolan adama» we «18 ýaşa çenli maýyplygy bolan» diýen sözlere çalşyrmaly;
bäşinji bölegiň 2-nji bendinde «maýyp» diýen sözi «maýyplygy bolan adam» diýen sözlere çalşyrmaly;
4) 8-nji maddanyň ikinji böleginde «maýyp» diýen sözi «maýyplygy bolan adam» diýen sözlere çalşyrmaly we «zähmete ukyplylygyň wagtlaýyn ýitirilmegi» diýen sözleri aýyrmaly;
5) 15-nji maddanyň ikinji böleginden soň, şu mazmunly bölegi goşmaly:
«21. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy şu Kanunyň 7-nji maddasynyň ikinji böleginiň 7-10-njy bentlerinde görkezilen şahslar üçin ätiýaçlandyrýan hökmünde ätiýaçlandyrma halaty ýüze çykan mahalynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan kesgitlenen tertipde pensiýa gatançlary barada ätiýaçlandyrylan şahslaryň atly hasabyna ýazgy etmäge borçludyr.»;
6) 16-njy maddanyň birinji böleginiň 2-nji bendinde we 35-nji maddanyň ikinji böleginde «durmuş, şol sanda» diýen sözleri aýyrmaly;
7) 20-nji maddanyň birinji böleginde:
1-nji bendiň «b» kiçi bendinde «maýyplaryň» diýen sözi «maýyplygy bolan adamlaryň» diýen sözlere çalşyrmaly;
4-nji bendiň «d» kiçi bendinde «Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarlyk berlen döwlet edarasy» diýen sözleri «Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy» diýen sözlere çalşyrmaly;
8) 23-nji maddada:
bäşinji bölegiň 2-nji bendinde «üçünji» diýen sözi «dördünji» diýen söze çalşyrmaly;
şu mazmunly bölegi goşmaly:
«6. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy şu Kanunyň 6-njy maddasynyň üçünji böleginde görkezilen şahslar üçin ätiýaçlandyrma halaty ýüze çykan mahalynda ätiýaçlandyrylan şahslaryň atly hasabyna Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan kesgitlenen tertipde pensiýa gatançlary barada ýazgy edýär.»;
9) 26-njy maddanyň üçünji we dördünji böleklerinde «kepillendiriş» diýen sözi «notarial» diýen söze çalşyrmaly.
7. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda kabul edilen «Adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 55-nji madda):
8-nji maddanyň birinji böleginiň 2-nji bendinde «kepillendiriş» diýen sözi «notarial» diýen söze çalşyrmaly;
9-njy maddanyň üçünji böleginde «maýyp» diýen sözi «maýyplygy bolan adam» diýen sözlere çalşyrmaly.
8. 2013-nji ýylyň 9-njy noýabrynda kabul edilen «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 73-nji madda):
9-njy maddanyň mazmunynda, 15-nji maddanyň birinji böleginiň 6-njy we 12-nji bentlerinde, 21-nji maddanyň üçünji böleginde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly;
18-nji maddanyň ikinji böleginiň 2-nji bendinde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly.
9. 2014-nji ýylyň 8-nji noýabrynda kabul edilen «Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 141-nji madda):
7-nji maddanyň mazmunynda «ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;
8-nji maddanyň 3-nji bendinde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly;
9-njy maddanyň 5-nji bendinde, 11-nji maddanyň adynda we birinji tesiminde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly.
10. 2015-nji ýylyň 23-nji maýynda kabul edilen «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 2, 57-nji madda; 2017 ý., № 3, 95-nji madda, № 4, 169-njy madda):
1) 1-nji maddanyň 22-nji bendinde «maýyp» diýen sözi «maýyplygy bolan adam» diýen sözlere çalşyrmaly;
2) 10-njy maddanyň 11-nji bendine şu mazmunly kiçi bendi goşmaly:
«y) dogluş hakynda lukmançylyk şahadatnamasynyň doldurylyşy we berlişi hakynda Düzgünnamany;»;
3) 22-nji maddada:
adynda «Maýyplaryň» diýen sözi «Maýyplygy bolan adamlaryň» diýen sözlere çalşyrmaly;
birinji bölekde «I we II topar maýyplaryň» we «çagalykdan maýyp I we II topar maýyplaryň» diýen sözleri degişlilikde «I we II topar maýyplygy bolan adamlaryň» we «çagalykdan I we II topar maýyplygy bolan adamlaryň» diýen sözlere çalşyrmaly; ikinji bölekde «maýyplaryň» diýen sözi «maýyplygy bolan adamlaryň» diýen sözlere çalşyrmaly;
üçünji bölekde «Maýyplaryň», «maýyp» we «maýyplaryň» diýen sözleri degişlilikde «Maýyplygy bolan adamlaryň», «maýyplygy bolan» we «maýyplygy bolan adamlaryň» diýen sözlere çalşyrmaly;
dördünji bölekde «Maýyplara» diýen sözi «Maýyplygy bolan adamlara» diýen sözlere çalşyrmaly;
bäşinji bölekde «ýerli we», «maýyp» we «maýyplara» diýen sözleri degişlilikde «ýerli edaralary we», «maýyplygy bolan» we «maýyplygy bolan adamlara» diýen sözlere çalşyrmaly;
4) 24-nji maddanyň dördünji böleginde «Türkmenistanyň Ministrler Kabineti» diýen sözleri «Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi» diýen sözlere çalşyrmaly;
5) 38-nji maddanyň birinji böleginde «maýyp» diýen sözi «maýyplygy bolan» diýen sözlere çalşyrmaly;
6) 55-nji maddada:
ikinji bölege şu mazmunly bendi goşmaly:
«5) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde lukmançylyk güwä geçmesi»; şu mazmunly bölegi goşmaly:
«5. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde lukmançylyk güwä geçmesi «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilen tertipde geçirilýär.»;
7) 58-nji maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Anatomik sowgat — adamyň öz islegi boýunça, meýletin, saglygy goraýyş edarasyna lukmançylyk işinde peýdalanmak üçin ýa-da ýörite orta we (ýa-da) ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan, gaýtadan taýýarlaýan, hünär derejesini ýokarlandyrýan bilim edarasyna notarial taýdan tassyklanylan wesýetnamasy arkaly aradan çykanyndan soňra, onuň öz bedenini, beden agzalaryny we dokumalaryny (gözüň buýnuz perdesi muňa degişli däl) bermek barada ygtyýar etmegi. Anatomik sowgat diňe sowgat beriji aradan çykandan soň hakyky bolýar.».
11. 2016-njy ýylyň 18-nji iýunynda kabul edilen «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 95-nji madda):
7-nji maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendinde «maýyp-çagany» diýen sözi «maýyplygy bolan çagany» diýen sözlere çalşyrmaly;
9-njy maddanyň mazmunynda, 11-nji maddanyň 5-nji bendinde, 12-nji maddanyň adynda, birinji böleginiň birinji tesiminde we ikinji böleginde, 16-njy maddanyň ikinji böleginiň 6-njy bendinde we 18-nji maddanyň 1-nji we 2-nji bentlerinde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly.
II. Şu Kanun 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.
Şu Kanunyň I böleginiň 6-njy bendiniň 2-nji, 5-nji kiçi bentleriniň, 7-nji kiçi bendiniň soňky tesiminiň we 8-nji kiçi bendiniň düzgünleri, eger-de olarda göz öňünde tutulan şahslar üçin ätiýaçlandyrýanlar tarapyndan pensiýa gatançlary tölenilmedik we atly hasaplaryna ýazgy edilmedik bolsa, onda şu Kanunyň herekete girizilmezinden öňki döwürler üçin hem ulanylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW
Aşgabat şäheri.
2018-nji ýylyň 1-nji dekabry.