Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda

view-icon 3494
I. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 4,

33-nji madda; 2007 ý., № 1, 39-njy madda, № 4, 68-nji madda; 2014 ý., № 1, 43-nji madda; 2015 ý., № 1, 37-nji madda; 2016 ý., № 1, 74-nji madda, № 4, 165-nji madda; 2017 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 80-nji madda, № 4, 137-nji we 179-njy maddalar) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

1) 8-nji maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygy, şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaý gurluşygy üçin Türkmenistanyň raýatlaryna hususy eýeçilige ýerleri bermek, şeýle hem oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki ýuridik şahslaryna hem-de Türkmenistanyň raýatlaryna ýerleri wagtlaýyn peýdalanmaga bermek maksady bilen ýörite ýer gaznalary döredilýär.

Ýörite ýer gaznalaryny döretmek hakyndaky meselelere etraplaryň (şäherleriň), welaýatlaryň (Aşgabat şäheriniň) ýer meseleleri baradaky toparlary, ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan seredilýär.»;

2) 12-nji maddanyň üçünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«Welaýatlaryň häkimlikleri Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki ýuridik şahslaryna hem-de Türkmenistanyň raýatlaryna oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin ýörite ýer gaznasynyň ýerlerinden ýer böleklerini wagtlaýyn peýdalanmaga bermek barada welaýatyň ýer meseleleri baradaky toparynyň çözgüdini tassyklamak hakynda karar kabul edýärler.»;

3) 18-nji maddanyň üçünji tesiminden soň, şu mazmunly tesimi goşmaly:

«-joba hojalyk önümçiligini alyp barmaga — ýörite ýer gaznasynyň ýerlerinden wagtlaýyn peýdalanmak;».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW


Aşgabat şäheri.
2018-nji ýylyň 1-nji dekabry.