119-njy maddadaky tablisany şu görnüşde beýan etmeli:
Goşmaça töleg
tölenmäge degişli harytlaryň atlary |
Goşmaça tölegleriň möçberleri |
||
Öndürilýän harytlar
boýunça |
|||
Piwo |
Bahasynyň 20%-i |
||
Tebigy üzüm
çakyry, güýçli
spirtli içgiler, likýorlar we düzüminde
alkogol bolan gaýry alkogolly içgiler (üzüm löderesinden başga), şeýle hem düzüminde
alkogol bolan çakyr serişdeleri: 20 göterim
we şoňa çenli 20-den 30 göterime
çenli we 30 göterim 30 göterimden ýokary |
Bahasynyň 25%-i Bahasynyň 40%-i Bahasynyň 50%-i |
||
Benzin |
Bahasynyň 40%-i |
||
Dizel ýangyjy |
Bahasynyň 40%-i |
||
Türkmenistanyň gümrük
çäklerine getirilýän
harytlar boýunça |
|||
Piwo |
Gümrük bahasynyň
60%-i, emma 1 litri üçin azyndan 5 manat |
||
Düzüminde
aşakdaky möçberde
alkogol bolan
üzüm çakyrlary
we alkogolly içgiler: 20 göterim we şoňa çenli 20
göterimden ýokary |
Gümrük bahasynyň 110%-i, emma 1 litri üçin azyndan 25 manat Gümrük
bahasynyň 110%-i, emma 1 litri üçin azyndan 40 manat |
||
Spirtli içgiler
taýýarlanylanda ulanylýan
spirt (saglygy goraýyş maksady bilen getirilýänlerinden,
şeýle hem döwlet
kärhanalary, alyjylar
birleşmeleriniň kärhanalary
tarapyndan getirilýänlerinden
beýlekileri) |
1 litri üçin ABŞ-nyň 5 dollary |
||
Temmäki önümleri |
Gümrük bahasynyň
47%-i, emma 1 gutusy üçin azyndan ABŞ-nyň 2 dollary |
||
Senagat taýdan
öndürilen beýleki
temmäki we temmäkiniň
senagat çalşyryjylary |
1 kg üçin ABŞ-nyň 10 dollary |
||
Ýeňil awtoulaglar
(tiz kömek awtoulaglaryndan we maýyplar
üçin ýörite
enjamlaşdyrylan ýörite
ulaglardan başga) |
Hereketlendirijiniň iş
göwrüminiň 1 kub sm-i üçin
ABŞ-nyň 0,3 dollary |
122-nji maddanyň birinji böleginiň «ç» bendinde «1,5 litr» diýen sözleri «1 litr» diýen sözlere çalşyrmaly;
208-nji maddanyň ikinji, üçünji we bäşinji tesimlerinde «aýda 2 manatdan», «aýda 2 manat» we «1 göterimi» diýen sözleri degişlilikde «aýda 5 manatdan», «aýda 5 manat» we «1,5 göterimi» diýen sözlere çalşyrmaly.
II. Şu Kanun «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 3-nji maddasynyň ikinji böleginde bellenilen möhletlerde herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW
Aşgabat şäheri.
2018-nji ýylyň 1-nji dekabry.