Ï Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 1100
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo ýurduň Zond bogazynyň kenarynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren heläkçilikli sunami zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda halkymyzyň hem-de Hökümetiň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.