1) 6-njy maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«2. Administratiw jogapkärçilige çekilýän şahs özüniň bigünädigini subut etmäge borçly däldir. Bu düzgün şu Kodeksiň 321-nji maddasynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalaryna degişli edilmeýär.»;
2) 32-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:
«321-nji madda. Ulag serişdeleriniň eýeleriniň (eýelik edijileriniň) administratiw jogapkärçiligi
1. Awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideoýazgy edýän ýörite tehniki serişdeleriň üsti bilen ýüze çykarylan ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy üçin bellenilen administratiw jogapkärçilige ulag serişdeleriniň eýeleri (eýelik edijileri) çekilýär.
2. Eger ulag serişdesiniň eýesi (eýelik edijisi), onuň karara eden şikaýatyna seredilende, administratiw hukuk bozulma ýüze çykarylan pursatda ulag serişdesini başga bir şahsyň dolandyrandygyny ýa-da başga bir şahslaryň hukuga garşy gelýän hereketleriniň netijesinde ulag serişdesiniň onuň eýelik etmeginden gidendigini subut etse, ol administratiw jogapkärçilikden boşadylýar.
Bellik
Şu Kodeksde awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideoýazgy edýän ýörite tehniki serişdeler diýlip metrologik synaglardan geçen, hukuk bozulmanyň edilen wagtyny, ulag serişdesiniň görnüşini, kysymyny, döwlet bellige alnyş nyşanyny, şeýle hem tizligini we ugruny kesgitleýän foto we wideo gurallara düşünilýär.»;
3) 197-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:
«1971-nji madda. Daşaýjy we ulanyjynyň gulluklary tarapyndan raýat howa gämileriniň uçuşlaryny guramagyň we ýerine ýetirmegiň kadalarynyň bozulmagy
Daşaýjy we ulanyjynyň gulluklary tarapyndan raýat howa gämileriniň uçuşlaryny guramagyň we ýerine ýetirmegiň kadalarynyň bozulmagy —
fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna, wezipeli adamlara — onusyndan on bäşisine, ýuridik şahslara — on bäşisinden ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.»;
4) 448-nji maddanyň birinji böleginde «315—316-njy, 318-nji, 322-nji,» diýen sanlary «278—280-nji, 283—285-nji, 294-nji, 302-nji, 314—316-njy, 318-nji, 322-nji, 323-nji,» diýen sanlara çalşyrmaly;
5) 4501-nji maddany aýyrmaly;
6) 530-njy maddada:
birinji bölege şu mazmunly bendi goşmaly:
«4) awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideoýazgy edýän ýörite tehniki serişdeleriň üsti bilen ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy bilen bagly administratiw hukuk bozulmanyň ýüze çykarylmagy.»;
7) 534-nji maddanyň üçünji böleginden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:
«4. Awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideoýazgy edýän ýörite tehniki serişdeleriň üsti bilen ýüze çykarylan ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy bilen bagly administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzülmeýär, administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karar bolsa administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adamyň bolmazlygynda çykarylýar we şu Kodeksiň 548-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde resmileşdirilýär.»;
8) 548-nji maddanyň altynjy böleginden soň şu mazmunly bölekleri goşmaly:
«7. Şu Kodeksiň 534-nji maddasynyň dördünji bölegine laýyklykda çykarylan administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karar oňa awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideoýazgy edýän ýörite tehniki serişdeleriň üsti bilen alnan materiallary goşmak bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda elektron resminama görnüşinde resmileşdirilýär.
8. Awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideoýazgy edýän ýörite tehniki serişdeleriň üsti bilen ýüze çykarylan ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy bilen bagly administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça kararyň nusgasy oňa awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideoýazgy edýän ýörite tehniki serişdeleriň üsti bilen alnan materiallary goşmak bilen, elektron resminamany kagyz göterijä geçirmek arkaly taýýarlanylýar.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 2-nji marty.