Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda

view-icon 2543
I. 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., ¹ 2, 29-njy madda; 2010 ý., ¹ 3, 42-nji madda; 2011 ý., ¹ 3, 56-njy madda; 2012 ý., ¹ 1, 43-nji madda, ¹ 4, 110-njy madda; 2014 ý., ¹ 1, 41-nji madda, ¹ 2, 78-nji madda; 2016 ý., ¹ 1, 7-nji we 65-nji maddalar; 2017 ý., ¹ 3, 110-njy madda; 2018 ý. ¹ 2, 33-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:

1) 6-njy maddanyň 11-nji we 54-nji bentlerinde «we ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň» diýen sözleri aýyrmaly;

2) 76-njy maddanyň 101-nji bendini aýyrmaly;

3) 104-nji maddanyň 2-nji bendinde «ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň,» diýen sözleri aýyrmaly;

4) 222-nji maddanyň ikinji böleginde «,ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň» diýen sözleri aýyrmaly;

5) 224-nji maddada:

üçünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«3. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 107—119, 125, 128, 132, 135, 138—142, 155—157, 160, 164—166, 207, 2071, 208, 214 (neşe serişdeleriniň ýa-da psihotrop maddalarynyň, seri dumanladyjy maddalaryň, şeýle hem düzüminde tramadol gidrohlorid (tramadolyň beýleki önümleri) ýa-da başga psihoaktiw maddalar bolan derman serişdeleriniň kontrabandasy bilen bagly bolsa), 216—218, 220—222, 227, 228, 230—232, 234—239, 241, 243—244, 247—249, 254 (neşe serişdeleriniň ýa-da psihotrop maddalarynyň, seri dumanladyjy maddalaryň, şeýle hem düzüminde tramadol gidrohlorid (tramadolyň beýleki önümleri) ýa-da başga psihoaktiw maddalar bolan derman serişdeleriniň kontrabandasy), 256, 261—266, 278—279, 282, 286—310, 318, 321—323, 326—329, 333—3353 maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlar hakyndaky işler boýunça, şeýle hem kämillik ýaşyna ýetmedikler tarapyndan edilen ähli jenaýat işleri boýunça deslapky derňew içeri işler edaralarynyň sülçüleri tarapyndan geçirilýär.»;

31-nji bölegi aýyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 2-nji marty.