Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda

view-icon 2175
I. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1995-nji ýylyň 15-nji iýunynda kabul edilen «Döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynda garyndaşlaryň bilelikde işlemegini çäklendirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1995 ý., № 2, 12-nji madda; 2016 ý., № 1, 63-nji madda);

2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 63-nji madda).

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 2-nji marty.