Ï Daşkentde Birinji Hazar ykdysady Forumyna bagyşlanan metbugat-maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşkentde Birinji Hazar ykdysady Forumyna bagyşlanan metbugat-maslahaty geçirildi

view-icon 1147
30-njy aprelde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň maslahatlar zalynda Birinji Hazar ykdysady Forumyna bagyşlanan metbugat-maslahaty geçirildi.

Çärä Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň, Strategik we sebitara barlaglary institutynyň, maýa goýumlary we daşary söwda; ykdysadyýet; ulag ministrlikleriniň, şeýle hem Söwda-senagat edarasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýazguly Mämmedow maslahatda çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylda hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň IV sammitinde Hazarda ulag we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy babatda ylalaşyklary işläp taýýarlamagy we bu resminamalary durmuşa geçirmegiň guraly hökmünde hemişelik esasda hereket edýän Hazar Ykdysady Forumyny döretmegi teklip edendigini belledi.

2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktauda geçirilen V Hazar sammitinde hazarýaka ýurtlaryň baştutanlary Hazaryň hukuk binýady hakynda Konwensiýa – dürli ugurlarda özara hereketi berkidýän hukuk kadalaryna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylda ýurdumyzda Birinji Hazar ykdysady Forumyny geçirmek baradaky teklibi beýan edilen Kommýunikä gol çekdiler. Şeýle hem türkmen Lideriniň başlangyjy bilen hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga we hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Şunuň bilen baglylykda ilçi Ýa. Mämmedow maslahata gatnaşanlaryň ünsüni Hazar sebiti bilen bagly meseleleriň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda aýratyn orun tutýandygyna çekdi.

Metbugat-maslahatynda dünýä geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlarda Hazar sebtiniň geljeginiň uludygyna üns berildi, bu bolsa hazarýaka ýurtlaryň halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge we ykdysady özara hereketiň netijeli nusgasyny kemala getirmäge bileleşikli çemeleşmeginiň zerurlygyny şertlendirýär.

Geljekki Forumyň Hökümetleriň, işewür we ylmy toparlaryň agzalarynyň, halkara guramalarynyň wekilleriniň giňişleýin gatnaşmagynda köpugurly ykdysady gatnaşyklaryň binýady bolmalydygy nygtaldy. Onuň gün tertibinde: iri taslamalar üçin şertleri döretmek, Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň ählumumy babatda ähmiýeti barada pikir alyşmak, nebit-gaz, elektrik energiýasy, ulag, söwda, obasenagaty, syýahatçylyk we beýleki ulgamlarda maýa goýum özüne çekijiligi ýaly meseleler bar.

Metbugat-maslahatynyň jemleýji böleginde ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy türkmen-özbek özara hereketine we gejekki Foruma degişli sowallaryň birnäçesine jogap berdi.

Bu çäre Özbegistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edildi we merkezi teleýaýlymlarynda alnyp görkezildi.