Ï Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçihanasy talyplaryň arasynda futbol boýunça ýaryş gurady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçihanasy talyplaryň arasynda futbol boýunça ýaryş gurady

view-icon 1246
Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçihanasy talyplaryň arasynda futbol boýunça ýaryş gurady
Ýerewandaky Rus-ermeni uniwersitetiniň stadionynda Ermenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda futbol ýaryşy geçirildi.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň guran talyplar ýaryşy sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilip ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleriniň biraýlygyna gabatlandy.

Ýaryş tamamlanandan soň ýeňiş gazanan toparyň agzalaryna ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Türkmen myhmansöýerliginiň däplerine görä, oňa gatnaşanlar we myhmanlar üçin sahawatly desterhan ýazyldy.