Duşuşyga Türkiýäniň Söwda edaralarynyň we haryt biržalarynyň birleşiginiň, türk parlamentiniň, Stambulda ýerleşen diplomatik wekilhanalaryň, telekeçilik düzümleriniň, Türkmen-türk dostluk jemgyýetiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Işanguly Amanlyýew duşuşykda çykyş edip, ýygnananlary geljekki Foruma taýýarlygyň Konsepsiýasy bilen tanyşdyrdy we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 12-nji awgustda geçiriljek duşuşygyň Hazar sebitinde ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyna, Ýewraziýada goşulyşma işlerine kuwwatly itergi bermäge niýetlenendigini nygtady.
Ýurdumyzyň Baş konsuly Myratgeldi Seýitmämmedow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyjynyň köpugurly hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde, sebitiň ägirt uly ykdysady, ulag we energetika mümkinçiligini işe girizmekde, Hazaryň parahatçylyk, dostluk we ylalaşyk deňzi derejesini berkitmekde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny beýan edýändigini nygtady.
Owganystanyň Stambuldaky Baş konsuly Zakriýa Barakzeý duşuşykda çykyş edende Hazar sebitiniň durnukly ösüşiniň Owganystan Yslam Respublikasynda durmuş-ykdysady ýagdaýy kadalaşdyrmakda hem wajypdygyny aýdyp, Lazurit ulag geçelgesiniň ägirt uly ähmiýetini belledi, ol owgan harytlaryny Türkiýä ugratmagy ýola goýmaga mümkinçilik döretdi.
Türkiýäniň Söwda edaralarynyň we haryt biržalarynyň birleşiginiň başlygynyň geňeşçisi Türkmenistanyň eýeleýän oňyn ornuna we yklym ähmiýetli ulag-logistika merkezi hökmünde Hazar sebitiniň ähmiýetini pugtalandyrmakda başlangyçlarynyň möhümligine ünsi çekdi.
Duşuşygyň tematikasyna bagyşlanyp birinji Hazar ykdysady forumy barada tanyşdyrylyş wideoşekiller görkezildi. Bu ýere gelenlere Türmenistanyň deňiz kenarynyň ykdysady mümkinçiligi, Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň logistiki mümkinçilikleri we «Awaza» MSZ-nyň dynç alyş-syýahatçylyk artykmaçlyklary barada düşünje berýän kitapçalar sowgat berildi.