Ï Türkmenistanyň wekilýeti gidroenergetika boýunça Bütindünýä kongresine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekilýeti gidroenergetika boýunça Bütindünýä kongresine gatnaşdy

view-icon 1006
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri 14-16-njy maý aralygynda Parižde geçirilen «Durnukly, özara baglanşykly dünýäde suw energiýasy» atly gidroenergetika boýunça Bütindünýä kongresine gatnaşdylar.

Kongress Howa boýunça Pariž ylalaşygyny we Durnukly ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gidroenergetikanyň ähmiýetine bagyşlandy. Ykdysady, durmuş we ekologiýa jähtlerini göz öňünde tutmak bilen özara herekete täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilen duşuşyga abraýly halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem hatarynda alymlar, bilermenler hem-de telekeçiler bolan 70-den gowrak ýurduň wekilýetleri gatnaşdylar.

Suw serişdelerinden we energiýanyň dikeldilýän çeşmelerinden rejeli peýdalanmakda tejribe hem-de netijeli çemeleşmeleri alyşmakda, şeýle hem gidroenergetikany ösdürmegiň dürli ugurlary boýunça pikir alyşmakda meýdança bolan kongresde sessiýalaryň we seminarlaryň 37-si gurnaldy.

Kongresi 1995-nji ýylda ÝuNESKO-nyň howandarlygynda gidroenetgetika babatda öňdebaryjy tejribäni ýaýratmagyň meýdançasy hökmünde döredilen telekeçilik däl gurama – Halkara gidrotehnika assosiasiýasy gurady.