Ï Parižde ýurdumyzyň YHÖG bilen hyzmatdaşlygynyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Parižde ýurdumyzyň YHÖG bilen hyzmatdaşlygynyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 902
Parižde ýurdumyzyň YHÖG bilen hyzmatdaşlygynyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) ýolbaşçylarynyň çagyrmagy bilen Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekilýeti 20-21-nji maýda Parižde boldy.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Batyr Bazarowy YHÖG-iň Baş direktory Anhel Gurriýa kabul etdi, şeýle hem wekilýetimiziň ýolbaşçysynyň Guramanyň esasy menejerleri bilen geçiren gepleşikleriniň birnäçesinde ýurdumyz bilen YHÖG-niň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň jähtleri, şeýle-de ykdysadyýeti sanlaşdyrmak, maýa goýumlarynyň gelmegini we hususy telekeçiligi höweslendirmek, eksporty ilerletmek, dikeldiýän energetika we ekologiýa, işgärleri taýýarlamak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen wekilýeti harytlary döwlet tarapyndan satyn almaklygy we hyzmatlary sanladyrmakda hem-de amatlaşdyrmakda beýleki ýurtlaryň tejribeleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem saparyň çäklerinde Halkara energetika Agentliginiň Ýerine ýetiriji sekretary Fatih Birol we FATF -iň (Bikanun alnan pul serişdelerini kanunlaşdyrmaga garşy maliýe çärelerini işläp taýýarlaýan toparyň) Ýerine ýetiriji sekretary Dewid Lýuis bilen duşuşyklar boldy.

YHÖG ykdysadyýeti ösen ýurtlaryň 36-syny birleşdirýän halkara ykdysady guramasydyr (dünýä IJÖ-miň 60 göterimi Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasyna agza döwletleriň paýyna düşýär). YHÖG seljerme işlerini geçirýär, maslahatlary işläp taýýarlaýar we ykdysady meseleleriň dürli ugurlary boýunça gepleşikleri geçirmek üçin meýdança bolup hyzmat edýär.