50-nji maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«(2) Düzediş işleri zähmet çekmäge ukypsyzlara, on alty ýaşyna ýetmedik adamlara, göwreli aýallara we üç ýaşa ýetmedik çagasy bolan aýallara, pensiýa ýaşyna ýeten adamlara, şeýle hem harby gullukçylara, okuwçylara we talyplara ulanylmaýar.»;
119-njy maddanyň adynda, birinji, ikinji we dördünji böleklerinde, 134-nji maddanyň üçünji böleginiň «a» bendinde, 135-nji maddanyň dördünji böleginiň «b» bendinde «SPID» diýen sözi «AIDS» diýen söze çalşyrmaly;
239-njy maddanyň belligini şu görnüşde beýan etmeli:
«Bellik
1. Şu maddada aýratyn uly möçberli girdeji diýlip zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäş ýüzüsinden artyk gelýän möçberdäki bir ýylyň dowamynda alnan girdeji hasap edilýär.
2. Şu Kodeksiň 239-241, 243-244, 2451, 247-251, 255-263 maddalarynda görkezilen jenaýatlary ilkinji gezek eden adam, eger ol fiziki we ýuridik şahslara ýa-da döwlete ýetirilen zyýanyň öwezini doly möçberde dolan bolsa we ýetirilen zyýanyň iki essesi möçberindäki pul serişdesini döwletiň haýryna geçiren bolsa, eden jenaýaty üçin jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.»;
X bölümiň adynda «häkimiýeti we dolandyryş» diýen sözleri «häkimiýet» diýen söze çalşyrmaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 8-nji iýuny.