I. 2016-njy ýylyň 18-nji iýunynda kabul edilen «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 91-nji madda; 2017 ý.,
№ 1, 31-nji madda; 2018 ý., № 2, 32-nji madda) şu goşmaçalary girizmeli:
4-nji maddanyň 13-nji bendinden soň şu mazmunly bentleri goşmaly:
«131) Türkmenistanyň hukuklaryna we bähbitlerine degişli jedelleriň öňüni almak boýunça teklipleri işläp taýýarlamak;
132) Türkmenistanyň döwlet edaralary tarapyndan baglaşylýan daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi bilen bagly şertnamalaryň taslamalaryna hukuk netijenama bermek;».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 8-nji iýuny.