9-njy maddanyň sekizinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:
«Fiziki şahs — iş beriji aradan çykan halatynda pensiýa gatançlary boýunça bergileriň tölenilmegi üçin döwlet notarial edarasyndaky mirasa bolan hukuk bilen bagly maglumatlar Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň ýazmaça soramagy boýunça berilýär.»;
21-nji maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«2. Döwlet notariusynyň iş çägi şu Kanunyň 25-nji, 59 — 60-njy, 67-nji, 74-nji, 79 — 85-nji, 96-njy, 104-nji we 118-nji maddalarynda göz öňünde tutulan notarial hereketler amala aşyrylanda berjaý edilýär. Görkezilen maddalarda göz öňünde tutulan notarial hereketleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan başga döwlet notarial edarasynyň üstüne ýüklenilip bilner. Ähli beýleki halatlarda notarial hereketleriň amala aşyrylmagy üçin fiziki we ýuridik şahslar islendik döwlet notariusyna ýüz tutmaga haklydyrlar.»;
87-nji maddanyň birinji böleginiň üçünji tesiminde «we döwlet dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 8-nji iýuny.