1) 6-njy maddada:
birinji bölekde «Türkmenawtoýollary» döwlet konserni» diýen sözleri «Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi» diýen sözlere çalşyrmaly;
ikinji bölekde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;
2) 7-nji maddada:
3-nji bendiň «e» kiçi bendini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;
4-nji bentde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly;
3) 8-nji maddada:
3-nji, 4-nji, 5-nji bentleri we 6-njy bendiň «e» kiçi bendini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;
8-nji bentde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly;
10-njy bentde «öz» diýen sözi «welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly we «we atlary» diýen sözleri aýyrmaly;
4) 9-njy maddada:
adynda we birinji tesimde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;
6-njy bentde «maglumatlar» diýen sözden soň «we ýol işi boýunça hasabatlary» diýen sözleri goşmaly;
5) 10-njy maddada:
birinji bölekde «ygtyýarly edaranyň,» diýen sözleri aýyrmaly, «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;
ikinji bölegiň birinji tesiminde «Ygtyýarly edaranyň» diýen sözleri «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;
dördünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«4. Şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň köçeleri we ýollary ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky awtomobil ýollaryna degişlidir.»;
6) 14-nji maddanyň üçünji böleginiň 2-nji bendinde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly;
7) 19-njy maddanyň ikinji we üçünji böleklerinde «ygtyýarly edara» we «ýerli häkimiýet» diýen sözleri degişlilikde «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary» we «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;
8) 21-nji maddada:
birinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky awtomobil ýollary babatda ýol işiniň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.»;
ikinji bölegi güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;
9) 31-nji maddada:
birinji bölekde «Ygtyýarly edara, onuň kärhanalary we guramalary, şeýle hem ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet» diýen sözleri «Ygtyýarly edaranyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;
ikinji bölegiň 1-nji bendinde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly.
II. «Awtomobil ýollaryny gurmaga we remont etmäge kolhozlaryň, sowhozlaryň, senagat, transport, gurluşyk kärhanalarynyň hem-de beýleki kärhanalaryň we hojalyk guramalarynyň serişde geçirmekleri hakynda» Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1989-njy ýylyň 31-nji awgustynda çykaran Ukazyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli (Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1989 ý., № 16, 82-nji madda).
III. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 8-nji iýuny.