1) 2001-nji ýylyň 7-nji iýulynda kabul edilen «Türkmenistanyň içerki goşunlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (2016-njy ýylyň 18-nji iýunynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 92-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 93-nji madda) 18-nji maddasyna şu mazmunly bendi we tesimi goşmaly:
«12) düzediş edaralaryny, derňew gabawhanalaryny we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýörite ýüklerini, ammarlaryny goramakda, şeýle hem içeri işler edaralarynyň Ýörite dikeldiş merkezinde gözegçiligi amala aşyrmakda goragyň tehniki serişdelerini peýdalanmaga.
Goragyň tehniki serişdeleriniň sanawy we olary peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.»;
2) 2004-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda kabul edilen «Ýangyn howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (2016-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 3-nji madda):
14-nji maddanyň üçünji böleginde «hasaba almagyň» diýen sözleri «bellige almagyň» diýen sözlere çalşyrmaly;
16-njy maddanyň 7-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:
«7) ýangyn howpsuzlygy boýunça döwlet standartlaryny, kadalaryny işläp taýýarlamagy guraýar we tassyklaýar hem-de olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;»;
20-nji maddanyň üçünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«3. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda kadalaşdyryjy resminamalara ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri, ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny öz içine alýan gözükdirijiler we beýleki resminamalar degişlidir.»;
26-njy maddanyň dördünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«4. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri haýal etmän we muzdsuz ýangyn howpsuzlygynyň meseleleri boýunça zerur bolan habarlary çap etmäge, ýaýlyma bermäge hem-de wagyz ediji filmleri öndürmäge we görkezmäge borçludyrlar.»;
27-nji maddanyň ikinji böleginde «bellige almak» diýen sözleri «hasaba almak» diýen sözlere çalşyrmaly;
3) 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň milli howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 18-nji madda; 2016 ý., № 2, 98-nji madda):
13-nji maddanyň 4-nji bendinde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;
16-njy maddanyň adynda we birinji tesiminde «Türkmenistanyň ýerli häkimiýetiň» diýen sözleri «Döwlet häkimiýetiniň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;
4) 2015-nji ýylyň 18-nji awgustynda kabul edilen «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 95-nji madda):
12-nji maddanyň bäşinji böleginde «ygtyýarly edaranyň we degişli döwlet edaralarynyň bilelikdäki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýär» diýen sözleri «ygtyýarly edara bilen ylalaşylyp, ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli edaralary tarapyndan bellenilýär» diýen sözlere çalşyrmaly;
21-nji maddada:
ikinji bölekde:
üçünji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:
«Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi barada maglumatlar adamyň we raýatyň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny bozmaýan ýa-da Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň bähbitlerine zyýan ýetirmeýän ýa-da jenaýat kazyýet önümçiliginiň barşyna täsir etmeýän bolsa daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edarasyna berlip bilner.»;
şu mazmunly tesimleri goşmaly:
«Maglumatyň berlip bilinmeýän halatynda ygtyýarly edara onuň esaslaryny görkezmek bilen, daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edarasyny habarly edýär.
Ygtyýarly edara jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmekde jogapkär daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edaralaryna berilýän maglumatlardan peýdalanmagyň goşmaça şertlerini we çäklendirmelerini bellemäge haklydyr.»;
dördünji bölegi güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 8-nji iýuny.