1) 1-nji maddada:
1-nji bentde «(mundan beýläk — maldarçylyk önümleri)» diýen sözleri aýyrmaly;
4-nji we 5-nji bentleri şu görnüşde beýan etmeli:
«4) weterinariýa derman serişdelerini, ot-iýmleri, ot-iým goşundylaryny bellige almak — weterinariýa derman serişdelerini, ot-iýmleri, ot-iým goşundylaryny olaryň seljermesiniň, synaglarynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy (mundan beýläk — Gulluk) tarapyndan bellenen tertipde Döwlet reýestrine girizmek we bu barada şahadatnamalary bermek;
5) Döwlet reýestri — Gulluk tarapyndan düzülýän, Türkmenistana getirmek, öndürmek, ýerlemek, ulanmak üçin bellige alnan weterinariýa derman serişdeleriniň, ot-iýmleriň we ot-iým goşundylarynyň sanawy;»;
11-nji bentde «kesellerini» diýen sözüň öňünden «ýokanç» diýen sözi goşmaly;
13-nji we 20-nji bentleri şu görnüşde beýan etmeli:
«13) haýwanlaryň aýratyn howply ýokanç keselleri — sanawy Gulluk tarapyndan kesgitlenilýän, haýwanlaryň arasynda döreýän, keselli haýwanlardan sagdyn haýwanlara we adamlara geçýän howply ýokanç keseller;»;
«20) keseliň ojagy — haýwanlaryň aýratyn howply ýokanç keselleri bilen keselläp ölen ýa-da keselli haýwanlaryň soýulýan ýeri;»;
21-nji bentde «haýwanlaryň mazarlyklarynyň ýeri» diýen sözleri «mal mazarlygy» diýen sözlere çalşyrmaly;
22-nji bentde «zonirowaniýe» diýen sözi «zonallaşdyrmak» diýen söze çalşyrmaly;
2) 2-nji maddanyň birinji böleginiň san belgisini we ikinji bölegini aýyrmaly;
3) 3-nji maddanyň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:
«Weterinariýa işiniň esasy ýörelgeleri şulardan ybaratdyr:»;
4) 4-nji maddada:
adyny we birinji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:
«4-nji madda. Gullugyň we onuň ýerli edaralarynyň wezipeleri
Gullugyň we onuň ýerli edaralarynyň wezipeleri şulardan ybaratdyr:»;
3-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:
«3) weterinariýa işi babatda ylmyň gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak;»;
8-nji bentde «döredijileriň» diýen sözden soň «we geçirijileriň» diýen sözleri goşmaly;
9-njy bentde «ot-iýmleriň, ot-iým garyndylarynyň» diýen sözleri «weterinariýa derman serişdeleriniň, ot-iýmleriň, ot-iým goşundylarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;
12-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:
«12) haýwanlaryň aýratyn howply ýokanç keselleri ýüze çykan ýagdaýynda karantin ýa-da aýry-aýry karantin çäklendirmelerini girizmek we mallaryň daşalmagyny (sürülmegini), şeýle hem maldarçylyk önümleriniň daşalmagyny gadagan etmek;»;
12-nji bentden soň şu mazmunly bendi goşmaly:
«121) soýulmaga degişli haýwanlaryň ýa-da maldarçylyk önümleriniň ýok edilmegini amala aşyrmak;»;
16-njy bentde «weterinariýa gullugynyň gözegçiligine degişli ot-iýmlere, ot-iým goşundylaryna we beýleki ýüklere» diýen sözleri «weterinariýa gözegçiligine degişli weterinariýa derman serişdelerine, ot-iýmlere, ot-iým goşundylaryna we beýleki ýüklere» diýen sözlere çalşyrmaly;
5) II babyň adynda «dolandyryşy» diýen sözi «düzgünleşdirmesi» diýen söze çalşyrmaly;
6) 5-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:
«5-nji madda. Weterinariýa işi babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar
Weterinariýa işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi (mundan beýläk — ygtyýarlandyrylan edara), Gulluk, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.»;
7) 6-njy maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:
«6-njy madda. Ygtyýarlandyrylan edaranyň weterinariýa işi babatda ygtyýarlyklary Ygtyýarlandyrylan edara:
1) weterinariýa işi babatda döwlet syýasatyny amala aşyrýar;
2) adamlar hem-de haýwanlar üçin umumy bolan aýratyn howply ýokanç keseller bilen kesellän haýwanlardan alnan, gelip çykyşy haýwanlardan bolan önümleri ýok etmegiň, zyýansyzlandyrmagyň kadalaryny tassyklaýar;
3) gelip çykyşy haýwanlardan bolan önümleriň howpsuzlygyny we hilini üpjün etmegiň düzgünlerini we kadalaryny tassyklaýar;
4) waksinalary, anyklaýyş serişdelerini hasapdan aýyrmagyň tertibini tassyklaýar;
5) weterinariýa işi babatda kadalaşdyryjy-tehniki resminamalary (weterinariýa-sanitariýa kadalary, düzgünleri, gözükdirijileri, gollanmalary) tassyklaýar;
6) weterinariýa hünärmenleriniň nyşanynyň nusgasyny tassyklaýar;
7) bellenilen kadalara laýyklykda Gullugyň gurluşyny we düzüm sanawyny tassyklaýar;
8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda weterinariýa işi babatda ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýar;
9) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde weterinariýa işi babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;
10) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna degişli beýleki meseleleri çözýär.»;
8) 7-nji maddada:
adyny şu görnüşde beýan etmeli:
«7-nji madda. Gullugyň ygtyýarlyklary»;
birinji bölekde:
birinji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Gulluk:»;
5-nji bentde «döredijileriň» diýen sözden soň «we geçirijileriň» diýen sözleri goşmaly;
9-njy, 12-nji we 13-nji bentlerde «tassyklaýar» diýen sözi «işläp taýýarlaýar we ygtyýarlandyrylan edara tassyklamak üçin berýär» diýen sözlere çalşyrmaly;
10-njy we 16-njy bentlerde «tassyklaýar» diýen sözi «ygtyýarlandyrylan edara tassyklamak üçin berýär» diýen sözlere çalşyrmaly;
14-nji, 15-nji we 17-nji bentleri şu görnüşde beýan etmeli:
«14) weterinariýa hünärmenleriniň nyşanynyň nusgasyny taýýarlaýar we ygtyýarlandyrylan edara tassyklamak üçin berýär;
15) bellenilen kadalara laýyklykda Gullugyň gurluş we düzüm sanawyny işläp düzýär;»;
«17) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda weterinariýa işi babatda ygtyýarlylandyrmak üçin resminamalary taýýarlaýar;»; ikinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«2. Gulluk öz üstüne ýüklenen wezipeleri gös-göni ýa-da welaýatlardaky, etraplardaky we şäherlerdäki Döwlet weterinariýa gulluklarynyň (mundan beýläk — ýerli edaralar) üsti bilen amala aşyrýar.»;
9) 8-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:
«Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary özleriniň garamagyndaky çäklerde:
1) Gulluga we onuň ýerli edaralaryna öz wezipelerini ýerine ýetirmekleri üçin şertleri döredýärler;
2) eýeleri tarapyndan haýwanlary saklamagyň, idetmegiň, iýmitlendirmegiň weterinariýa-sanitariýa talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik barlagyny amala aşyrýarlar we epizootiýa garşy çäreleriň geçirilmegine ýardam edýärler;
3) adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda haýwanlaryň aýratyn howply ýokanç kesellerini anyklamaga, önüni almaga, ýok etmäge gönükdirilen epizootiýa garşy çäreleriň geçirilmeginde Gullugа we onuň ýerli edaralaryna ýardam edýärler;
4) ýylda bir gezek haýwanlaryň görnüşleri boýunça hasaba alnyşyny geçirýärler;
5) aýratyn howply ýokanç kesellerden ölen haýwanlary ýakmak we gömmek üçin ýörite ýerleri bölüp berýärler, şeýle hem weterinariýa-sanitariýa kadalarynyň talaplaryna laýyklykda mal mazarlyklarynyň gurluşygyny üpjün edýärler;
6) ilatly ýerleri mallary soýmak üçin meýdançalar bilen bellenen talaplara laýyklykda üpjün edýärler;
7) mal mazarlyklarynyň weterinariýa-sanitariýa kadalarynа laýyklykda saklanylyşyna gözegçilik barlagyny amala aşyrýarlar;
8) ilatly ýerlerde eýesiz itleriň, pişikleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleri amala aşyrýarlar;
9) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýärler.»;
10) III babyň adyny şu görnüşde beýan etmeli:
«III bap. Weterinariýa işi babatda maliýeleşdirmek»;
11) 9-njy maddada:
adyny şu görnüşde beýan etmeli:
«9-njy madda. Gullugy we onuň ýerli edaralaryny hem-de olaryň weterinariýa işi babatda çärelerini maliýeleşdirmek»;
birinji we ikinji böleklerde «Döwlet weterinariýa gullugynyň» we «Döwlet weterinariýa gullugyna» diýen sözleri degişlilikde «Gullugyň we onuň ýerli» we «Gulluga» diýen sözlere çalşyrmaly;
üçünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«3. Haýwanlaryň karantin we aýratyn howply kesellerini anyklamaga, önüni almaga, ýok etmäge gönükdirilen epizootiýa garşy çäreleri maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
Adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda haýwanlaryň aýratyn howply kesellerini anyklamaga, öňüni almaga, ýok etmäge gönükdirilen epizootiýa garşy çäreleri geçirmekde önümçilik zerurlygy sebäpli waksinalary, dezinfeksiýa, dezinseksiýa işleri üçin ýuwujy serişdeleri, barlaghanada ulanylýan anyklaýyş serişdelerini satyn almak Gullugyň öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylyp bilner.»;
12) 12-nji maddada:
birinji we üçünji böleklerde «Döwlet weterinariýa gullugynyň dolandyryş edaralarynyň we guramalarynyň» we «Döwlet weterinariýa gullugynyň» diýen sözleri degişlilikde «Gullugyň we onuň ýerli edaralarynyň» we «Gullugyň» diýen sözlere çalşyrmaly;
dördünji bölekde «Türkmenistanyň Döwlet weterinariýa gullugynyň» diýen sözleri «Gullugyň» diýen söze çalşyrmaly;
13) 14-nji maddanyň birinji we ikinji böleklerinde, 15-nji maddanyň ikinji böleginde we 16-njy maddanyň mazmunynda
«Döwlet weterinariýa gullugy», «Döwlet weterinariýa gulluklary» we «Döwlet weterinariýa gullugynyň» diýen sözleri degişlilikde «Gulluk», «ýerli edaralar» we «Gullugyň» diýen sözlere çalşyrmaly;
14) 17-nji maddada: birinji bölekde:
1-nji we 2-nji bentlerde «Döwlet weterinariýa gullugyndan» we «Döwlet weterinariýa gulluklarynyň» diýen sözleri degişlilikde «ýerli edaralardan» we «ýerli edaralaryň» diýen sözlere çalşyrmaly;
3-nji bentde «ýokanç» diýen sözüň öňünden «ýurdumyzda bellige alnan» diýen sözleri goşmaly we «Döwlet weterinariýa gullugynyň» diýen sözleri «Gullugyň» diýen sözlere çalşyrmaly;
ikinji bölegiň 1-nji, 2-nji, 4-nji bentlerinde we üçünji bölekde «Döwlet weterinariýa gulluklary», «Döwlet weterinariýa gullugynyň» we «Döwlet weterinariýa gullugyna» diýen sözleri degişlilikde «ýerli edaralar», «ýerli edaralaryň» we «ýerli edara» diýen sözlere çalşyrmaly;
15) 19-njy maddada:
birinji bölekde «Haýwanlaryň» diýen sözi «Türkmenistanyň çägine daşary ýurtlardan haýwanlar getirilende we ýurdumyzyň çägindäki haýwanlarda» diýen sözlere çalşyrmaly;
ikinji, üçünji we ýedinji böleklerde «Döwlet weterinariýa gullugynyň» diýen sözleri «Gullugyň» diýen söze çalşyrmaly;
16) 20-nji maddanyň birinji böleginde, ikinji böleginiň 5-nji bendinde we dördünji böleginde «Döwlet weterinariýa gullugynyň», «Döwlet weterinariýa gullugyň», «Döwlet weterinariýa gullugy» we «görkezlen gullugyň ygtyýar bermegi bilen» diýen sözleri degişlilikde «Gullugyň», «Gulluk» we «onuň ygtyýar bermegi bilen» diýen sözlere çalşyrmaly;
17) 21-nji maddada:
birinji, ikinji we ýedinji böleklerde «Döwlet weterinariýa gullugynyň» we «Döwlet weterinariýa gullugy» diýen sözleri degişlilikde «Gullugyň» we «Gulluk» diýen sözlere çalşyrmaly;
bäşinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«5. Tohum mallaryň Türkmenistana getirilmegine rugsat Gullugyň we tohum maldarçylygy babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň bilelikdäki çözgüdi esasynda berilýär.»;
sekizinji bölekde «zonirlemek» diýen sözi «zonallaşdyrmak» diýen söze çalşyrmaly;
18) 22-nji maddanyň birinji böleginde we 26-njy maddanyň mazmunynda «Döwlet weterinariýa gullugy» we «weterinariýa işi babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň» diýen sözleri degişlilikde «Gulluk» we «Gullugyň» diýen sözlere çalşyrmaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 8-nji iýuny.