Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Galyndylar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Galyndylar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda

view-icon 3378
I. 2015-nji ýylyň 23-nji maýynda kabul edilen «Galyndylar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 2, 59-njy madda; 2018 ý., № 1, 3-nji madda) şu goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmeli:

1) 1-nji madda şu mazmunly bendi goşmaly:

«21) galyndylaryň howplulyk pasporty — galyndylaryň belli bir anyk görnüşi saklanylanda, daşalanda, gaýtadan ulanylanda, zyýansyzlandyrylanda ýa-da gömülende onuň howplulyk klasyny hökmany kesgitlemek bilen, esasy fiziki-himiki häsiýetleri baradaky maglumaty özünde saklaýan resminama.»;

2) 2-nji maddanyň birinji böleginde we 22-nji maddanyň mazmunynda «tebigaty goramak» diýen sözleri «daşky gurşawy goramak» diýen sözlere çalşyrmaly;

3) II babyň adynda «dolandyryşy» diýen sözi «düzgünleşdirmesi» diýen söze çalşyrmaly;

4) 5-nji maddada:

adynda we mazmunynda «dolandyryşyny» hem-de «dolandyryşy» diýen sözleri degişlilikde «düzgünleşdirmesini» we «düzgünleşdirmesi» diýen sözlere çalşyrmaly; mazmunynda «ygtyýarlandyrylan döwlet» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan» diýen sözlere çalşyrmaly;

5) 6-njy maddanyň 2-nji bendinde Kanunyň rus dilindäki görnüşinde «и других» diýen sözlerden soň «центральных» diýen sözi goşmaly;

6) 7-nji maddanyň 2-nji bendinde, 21-nji maddanyň dördünji böleginde, 28-nji maddanyň ikinji we üçünji böleklerinde we 29-njy maddanyň birinji böleginde «tebigaty goramak» diýen sözleri «daşky gurşawy goramak» diýen sözlere çalşyrmaly;

7) 8-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli: «Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy:

1) hojalyk galyndylary babatda döwlet syýasatyny amala aşyrýar;

2) hojalyk galyndylary babatda döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we bellenen tertipde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamaga berýär;

3) hojalyk galyndylary babatda işi ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilen özara gatnaşykda amala aşyrýar;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlaýar;

5) galyndylaryň howplulyk klasyny kesgitleýän klassifikatoryň taslamasyny ylalaşýar;

6) hojalyk galyndylaryny daşamagyň tertibini ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilen bilelikde işläp taýýarlaýar we ony tassyklaýar;

7) hojalyk galyndylarynyň döwlet hasaba alnyşyny amala aşyrýar;

8) galyndylary gaýtadan işlemek babatda binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek, standartlary we kadalary, şeýle hem tehniki şertleri berjaý etmek boýunça usulyýet maslahatlaryny berýär;

9) hojalyk galyndylary babatda döwlet ekologiýa seljermesiniň obýektleriniň taslama resminamalaryny ylalaşýar;

10) hojalyk galyndylary babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we ylmy-usuly gollanmalaryň taslamalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

11) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.»;

8) 9-njy maddada:

adynda «Tebigaty goramak» diýen sözleri «Daşky gurşawy goramak» diýen sözlere çalşyrmaly;

birinji tesimde «Tebigaty goramak» diýen sözleri «Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda daşky gurşawy goramak» diýen sözlere çalşyrmaly;

3-nji bentden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«31) galyndylaryň daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsiriniň derejesi kesgitlenilýän ölçeg alamatlaryny (kriteriýalaryny) belleýär;»;

9) 10-njy maddanyň birinji tesiminde «Saglygy» diýen sözi «Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda saglygy» diýen sözlere çalşyrmaly;

10) 11-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary:

1) degişli çägiň maksatnamalaryny işläp taýýarlaýarlar we tassyklaýarlar;

2) hojalyk galyndylarynyň ýygnalmagyny, daşalmagyny, gaýtadan işlenilmegini we gaýtadan ulanylmagyny guraýarlar;

3) öz tabynlygyndaky çäkde hojalyk galyndylarynyň ýygnalyşyna, daşalyşyna, gaýtadan işlenilişine we gaýtadan ulanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýarlar;

4) hojalyk galyndylaryny ýerleşdirmek üçin meýdançany saýlamagy amala aşyrýarlar we ony gurmagyň taslama resminamalaryny taýýarlaýarlar;

5) öz tabynlygyndaky çäkde hojalyk galyndylarynyň hasaba alnyşyny amala aşyrýarlar;

6) ilatly ýerleri hojalyk galyndylaryndan arassalamaga we olary ýygnamaga Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslaryna rugsatnama berýärler;

7) galyndylaryň ýerleşdirilýän obýektleriniň ýerleşdiriljek ýerini kesgitleýärler;

8) galyndylary ýygnamak we gaýtadan ulanmak boýunça Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslarynyň işine ýardam edýärler;

9) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýärler.»;

11) 12-nji maddada:

birinji tesimde «Ýerli» diýen sözi «Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;

3-nji bentde «olaryň ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleleri çözýärler» diýen sözleri «özleriniň üstlerine ýüklenen beýleki ygtyýarlylyklary amala aşyrýarlar» diýen sözlere çalşyrmaly;

12) 13-nji maddanyň ikinji böleginde:

4-nji bentde «tebigaty goramak» diýen sözleri «daşky gurşawy goramak» diýen sözlere çalşyrmaly;

4-nji bentden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«41) daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça galyndylaryň howplulyk pasportyny düzmäge we tassyklamaga;»;

13) 15-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan bellenilýän ölçeg alamatlaryna laýyklykda galyndylar daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsiriniň derejesine baglylykda bäş howplulyk klaslaryna bölünýärler:

1) I klas — adatdan daşary howply galyndylar;

2) II klas — ýokary howply galyndylar;

3) III klas — aram howply galyndylar;

4) IV klas — az howply galyndylar;

5) V klas — howpsuz galyndylar.

2. Daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy galyndylaryň howplulyk derejesi kesgitlenilýän ölçeg alamatlary esasynda saglygy goraýyş we derman senagaty babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy hem-de jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça galyndylaryň klassifikatoryny işläp taýýarlaýar hem-de tassyklaýar.»;

14) 19-njy maddada: ikinji bölekde:

«jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy» diýen sözleri «öz tabynlygyndaky çäkde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy» diýen sözlere çalşyrmaly;
şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Hojalyk galyndylaryny ýygnamak we daşamak bilen baglanyşykly hyzmatlaryň nyrhlaryny jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilen bilelikde işläp taýýarlaýar hem-de maliýe we ykdysadyýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça tassyklaýar.»;

altynjy bölekde «howply galyndylaryň pasporty» diýen sözleri «galyndylaryň howplulyk pasporty» diýen sözlere çalşyrmaly;

15) 20-nji maddada: birinji bölegiň ikinji tesimini aýyrmaly;

dördünji bölekde «howply galyndylaryň pasportlarynyň» diýen sözleri «galyndylaryň howplulyk pasportlarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

16) V babyň adyny şu görnüşde beýan etmeli:

«V bap. Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda döwlet hasaba alnyşy, hasabatlylyk, pasportlaşdyrma we kadalaşdyrma»;

17) 26-njy maddada:

ikinji we bäşinji böleklerde «tebigaty goramak» diýen sözleri «daşky gurşawy goramak» diýen sözlere çalşyrmaly;

üçünji bölekde «jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasyna» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli ýerli edarasyna» diýen sözlere çalşyrmaly;

18) 27-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«27-nji madda. Galyndylary pasportlaşdyrmak

1. Türkmenistanyň çäginde emele gelýän önümçilik we hojalyk işleriniň galyndylary pasportlaşdyrylmaga degişlidir. Galyndylaryň howplulyk pasporty ýuridik şahslar tarapyndan özüniň önümçiliginiň we hojalyk işiniň galyndysynyň her bir görnüşine düzülýär. Önümçilik tehnologiýasy bilen baglylykda galyndylaryň şahsy häsiýetleriniň üýtgän halatlarynda galyndylaryň howplulyk pasportyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Galyndylaryň howplulyk pasportynyň mazmuny we resmileşdirilmegi Türkmenistanyň degişli kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

2. Galyndylaryň ýerleşdirilýän obýektlerinde galyndylary saklamak we gömmek diňe galyndylaryň howplulyk pasporty bar bolan mahalynda amala aşyrylýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 8-nji iýuny.