1) 6-njy maddada:
birinji bölege şu mazmunly tesimi goşmaly:
«Şertnamanyň mysaly görnüşi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen ylalaşylyp, welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumynyň başlygy tarapyndan tassyklanylýar.»;
altynjy bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«6. Ýuridik maslahathanada, adwokatlaryň beýleki birleşiklerinde adwokatlyk işini amala aşyrýan, şeýle-de adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyrýan welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň adwokatlyk işi üçin tölenilýän tölegler degişlilikde ýuridik maslahathananyň, adwokatlaryň beýleki birleşiginiň pulhanasyna, bankdaky hasabyna ýa-da welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň bankdaky hasaplaşyk hasabyna geçirilýär.»;
2) 12-nji maddanyň ikinji böleginden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:
«21. Şu aşakdakylar hünär tälimini almakdan boşadylýar:
1) öň adwokatlar kollegiýasynyň düzüminden öz islegi boýunça çykyp, adwokatlar kollegiýasynyň düzümine gaýtadan girmek isleýän şahslar;
2) «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 56-njy maddasynyň 1-nji we 3-nji bentlerine laýyklykda kazynyň ygtyýarlyklaryny bes eden şahslar;
3) «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji we 7-nji bentlerine laýyklykda wezipeden boşadylan şahslar;
4) Türkmenistanyň adalat edaralarynda 10 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolup, öz islegi boýunça işden çykan şahslar.»;
3) 19-njy maddanyň onunjy böleginde «işleýän» diýen sözi «adwokatlyk işini amala aşyrýan» diýen sözlere çalşyrmaly;
4) 20-nji maddanyň 7-nji bendinde «tölegini» diýen sözden soň «we hukuk kömegi üçin tölenýän töleglerinden bölünip goýberilýän serişdesini» diýen sözleri goşmaly;
5) 30-njy maddanyň birinji böleginde «işlemeýän» diýen sözi «adwokatlyk işini amala aşyrmaýan» diýen sözlere çalşyrmaly;
6) 31-nji madda şu mazmunly bölegi goşmaly:
«6. Adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyrýan adwokatda adwokatlyk işini amala aşyrmak üçin welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumynyň başlygy tarapyndan görnüşi tassyklanan, özünde adwokatyň familiýasy, ady we atasynyň ady hem-de haýsy adwokatlar kollegiýasyna degişlidigi baradaky maglumatlary jemleýän resmi kagyzy bolýar.».
7) 46-njy maddany şu görnüşde beýan etmeli:
«46-njy madda. Türkmenistanyň Adwokatlar birleşmesi
1. Adwokatlaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Adwokatlar birleşmesini döretmäge hukugy bardyr. Türkmenistanyň Adwokatlar birleşmesi azyndan 200 agzasy bolan halatynda döredilip bilner.
Türkmenistanyň Adwokatlar birleşmesi öz agzalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini beýan etmäge we goramaga, Türkmenistanda adwokatlyk işiniň ösmegine goldaw bermäge hyzmat edýän jemgyýetçilik gurama bolup durýar.
Türkmenistanyň Adwokatlar birleşmesi adwokatlaryň agzalygyna esaslanan döwlete degişli bolmadyk, telekeçilik däl gurama bolup durýar.
2. Türkmenistanyň Adwokatlar birleşmesi adwokatlyk işini kämilleşdirmek, adwokatura institutynyň garaşsyzlygyny we öz-özüňi dolandyryşy berkitmek, döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşiklеri bilen gatnaşyklary utgaşdyrmak we ösdürmek, adwokatlaryň bähbitlerine wekilçilik etmek, adwokatlaryň hünär we durmuş hukuklaryny goramak, usuly işi amala aşyrmak, adwokatlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen,
Türkmenistanyň adwokatlarynyň konferensiýasynyň çözgüdi esasynda döredilýär.
3. Türkmenistanyň Adwokatlar birleşmesiniň Tertipnamasy Türkmenistanyň adwokatlarynyň konferensiýasynyň çözgüdi esasynda kabul edilýär we onda Adwokatlar birleşmesiniň ýolbaşçy edaralaryny saýlamagyň tertibi, olara bildirilýän talaplar kesgitlenilýär.
4. Türkmenistanyň Adwokatlar birleşmesi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet belligine alynmaga degişlidir. Türkmenistanyň Adwokatlar birleşmesiniň Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alnandan we Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizilenden soň, ýuridik şahs hökmünde hukuk ukyplylygy ýüze çykýar.
5. Türkmenistanyň Adwokatlar birleşmesini maliýeleşdirmegiň çeşmeleri Türkmenistanyň adwokatlarynyň konferensiýasy tarapyndan möçberleri tassyklanylýan onuň agzalarynyň giriş we agzalyk gatançlary, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik çekilen we beýleki serişdeler bolup durýar.
6. Türkmenistanyň Adwokatlar birleşmesini, şol sanda adwokatlar kollegiýalaryny edara jaýlary bilen üpjün etmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibe laýyklykda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 5-nji oktýabry.