683-nji maddada, 685-nji maddanyň ikinji böleginde, 15-nji babyň adynda we 755-nji maddanyň mazmunynda «transport» we «transporty» diýen sözleri degişlilikde «ulag» we «ulagy» diýen sözlere çalşyrmaly;
1034-nji maddada:
adynda «Transport» diýen sözi «Ulag» diýen söze çalşyrmaly;
birinji bölekde «transport» we «eýesi» diýen sözleri degişlilikde «ulag» we «eýelik edijisi» diýen sözlere çalşyrmaly;
ikinji bölekde «transporty» diýen sözi «ulagy» diýen söze çalşyrmaly;
üçünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«3. Eger bir şahs ulag serişdesini oňa eýelik edijiden rugsat almazdan peýdalansa, ol ýeten zyýanyň öwezini ulag serişdesine eýelik edijä derek doldurmaga borçludyr. Şonda eger ulag serişdesiniň ulanylmagy oňa eýelik edijiniň günäsi sebäpli mümkin bolan bolsa, onda ýeten zyýanyň öwezini oňa eýelik ediji doldurmaga borçludyr. Eger ulanyjy ulag serişdesini dolandyrmak üçin oňa eýelik ediji tarapyndan bellenilen bolsa ýa-da şol ulag serişdesi oňa eýelik ediji tarapyndan berlen bolsa, ýokardaky birinji sözlemde beýan edilen düzgün ulanylmaýar.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 5-nji oktýabry.